Agajy işläp bejermek sungaty

3 Ýanwar 2024
651

Senetçiligiň asyrlar içre arzylanyp gelnen kämil görnüşleriniň biri hem agaç ussaçylygydyr. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu sungata ähmiýetli orun degişlidir. Ata-babalarymyz agaç ekmegi, ony ösdürip ýetişdirmegi sogap iş hasaplapdyrlar. Munuň şeýledigini «Agaç jennetden çykypmyş», «Agaçly obany sil almaz», «Agaç ýapragy bilen görkli» ýaly halk aýtgylary, nakyllar hem tassyklaýar. Türkmen halkynyň agaçdan ýasalan owadan önümleri hem milli sungatymyzyň gadymdan gelýän görnüşidir. Olaryň özüne mahsus aýratyn gözelligi bar. Agaçlary ýetişdirmek, olardan dürli çig mallary, önümleri taýýarlamak binagärlik medeniýeti bilen berk baglydyr.

Arheologik maglumatlara görä, mundan 7-8 müň ýyl ozal gurlan jaýlaryň üsti agaç pürsler bilen basyrylypdyr. Gümmezleriň, köşkleriň öňünde gurlan eýwanlaryň sütünleri hem agaçdan ýasalypdyr. Suw desgalary, dürli görnüşli zähmet gurallary, öý hojalygynda ulanylýan enjamlar — jykyr, nowa, ýag taýýarlamak üçin ulanylýan juwaz, ýük araba, gaýyk, naw kejebe, sandyk, aştagta, oklaw, kersen, çemçe, susak, dürtgüç, bedew atlaryň eýeri, howut, gaňňa ýaly gündelik durmuşda peýdalanylýan esbaplar agaçdan ýasalypdyr. Halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýleriň süňňüniň agaçdan bolmagyny hem bu sungatyň gazanan beýik üstünlikleriniň biri hasaplamak bolar.

Saparbaý ORAZMETOW,
Şabat etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň müdiri.