Toý dessurly şadessan

3 Ýanwar 2024
836

«Gorkut ata» şadessanynda toý däpleri hakynda gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Eseriň baş gahrymany Gorkut ata juda paýhasly, akyldar kişi bolupdyr. Ol toý-tomaşalarda saz-söhbet gurap, mähellä ruhy lezzet paýlapdyr.

Şadessanda Baýbijan beg we Baýbugra begiň arasynda ogul-gyzyny adaglamak hakynda gürrüň gidýär. Bu gadymy däp türkmenlerde giňden ýaýrapdyr. Gorkut atanyň: «Ogly bolan öýerermiş, gyzy bolan göçürermiş» diýen sözleri häzirki döwürde hem dilden-dile geçip gelýär. Haçan-da bir ýere gudaçylyga gidip gelnenden soňra «oglanmysyň, gyzmysyň?!» diýlipdir. Bu aňlatma «gurtmusyň, tilkimisiň?!» görnüşinde-de gelýär. Eger iş şowly bolsa, gudaçylyga giden «oglan» diýipdir.

Zyýada BARATOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.