"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Saglygymyzyň gözbaşy

Saglygyňy berkitmek, ony gorap saklamak biziň her birimiz üçin wajypdyr. Eýsem, munuň üçin näme etmeli? Ilki bilen, şahsy gigiýenany berk berjaý etmeli. Egin-eşigiň, bedeniň hemişe arassa bolmaly. Elleriňi tiz-tizden sabynlap ýuwmaly, saçyňa timar bermeli. Saçagyň başyna geçilende elleriň ýuwulgy bolmagy hökmandyr. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak, irden turanyňda dürli maşklary ýerine ýetirmek hem saglygymyzyň gözbaşydyr. Saglygymyzy gorap saklamak, esasan, zenan maşgalalar bilen bagly bolup durýar. Sebäbi olar saglygyň gözbaşy bolan arassaçylygy berjaý etmekde görelde bolýarlar, beýlekilerden hem talap edýärler. Zenanlar wagtynyň köp bölegini aşhanada geçirýärler. Gap-gaçlaryň, bişirilýän tagamyň arassa bolmagy üçin zenan maşgalanyň ellerini ýuwup, saçyny ýygnap, ýaglyk daňynmagy hökmandyr. Aşhanada bolanyňda köýnegiň üstünden öňlük dakynmak hem öý bikesini arassaçyl, işeňňir görkezýär. Ene-mamalarymyzyň tekrarlaýşy ýaly, saglygyň sakasy kadaly iýmitlenmek bolup durýar. Şeýle bolansoň, türkmen topragynda bitýän dermanlyk häsiýetli, witaminlere we minerallara juda baý ösümliklerden taýýarlanan iýmitleri, gök önümleri köpräk iýmeli. Kadaly iýmitlenmegiň ynsan saglygyna oňaýly täsir ýetirişi ýaly, her bir pasla görä geýinmek hem kesellerden goranmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Çopandag noriçnigi (Норичник чопандагский)

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Çopandag noriçnigi — noriçnikler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 40—50 sm köpýyllyk otjumak ýa-da ýarym-gyrymsyja wekili. Ösümlik tutuş gür bolmadyk, gaty, başly, goňur, gysga ak sapakly tüýjagaz bilen örtülen. Baldagy köp sanly, göni ýa-da azda-kände dik galýan, dörtgyraňly. Ýapragy köp sanly, uzynlygy (1,5) 3—4 sm we ini (1) 1,5—2 sm, ýelek şekilli bölünen, olaryň ülüşleri hem ýelek şekilli bölünen, ýitiräk, tutuş ýapragy sapakly, uzynlygy 2 sm, gülýanynyň ýapragynyň ujy çowly ýa-da çyzykly, uzynlygy 0,5—1 sm we ini 2 mm, sapaksyz, käte seýrek we gowşak bölünen.

Gözellik we sagdynlyk

Bir çaý çemçe duzy, 1 çaý çemçe şekeri we 1 nahar çemçe kakos ýagyny garyşdyrmaly. Soňra ýapgyny ýüzüňize çalyp, 10—15 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňiziň gara tegmillerden arassalanmagyna ýardam eder. * * *

Sagdyn raýat — bagtyýar jemgyýet

Jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamyň saglyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleriniň netijeli peýdalanylmagyny ugur edinýän hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş meseleleriniň netijeli çemeleşmelerini durmuşa ornaşdyrdy. Onuň esasynda adam mümkinçilikleriniň doly ulanylmagyna daýanýan strategik binýat bardyr. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, şol sanda onuň döwrebap düzümini kemala getirmek Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň adam hak­da ala­da­ny esa­sy üns mer­ke­zin­de goý­ýan sy­ýa­sa­ty oý­la­ny­şyk­ly iş­le­nip dü­zü­len mak­sat­na­ma­la­ryň we stra­te­gi­ýa­la­ryň çä­gin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da  «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy», «Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­ny Türk­me­nis­tan­da dur­mu­şa ge­çir­me­giň 2017 – 2021-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy», «Türk­me­nis­tan­da ila­tyň psi­hi­ki sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça 2018 – 2022-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma», «Türk­me­nis­tan­da ila­tyň fi­zi­ki iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça 2018 – 202

Adaty sarymsak Allium sativum

Häsiýeti. Medeni derman ösümligi. Adaty sarymsak — soganlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 60-100 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Ösümligiň soganlygy ýumurtga şekilli, daşy ak gynly we adatça, köp sanly sapaksyz ak soganlykly. Ýapragy ýasy, çyzykly. Gülleýän baldagy gülleýän wagtyna çenli, köplenç, ýokarlygyna çekilip, halkany emele getirýär, köp sanly uzyn sapaklyja ownuk gülleri saklaýar, saýawana ýygnanan, gülleriň daşy gyn bilen gurşalan. Gül toplumynda gül pyntyklarynyň ýerine köp sanly soganlyklar ösýär. Gülýany agymtyl ýa-da sowsany reňkli, alty ýaprakly. Miwesi üç höwürtgeli gozajyk.

Gymmaty barha artýan hazyna

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň topragymyz, mähriban tebigatymyz biz üçin kuwwatyň, berk saglygyň we uzak ömrüň çeşmesi bolup durýar.

Sorag-jogap

Çagalara nädip kömek etmeli? «Birnäçe ýyldan bäri 10 ýaşly agtygymyň diliniň ujuna wagtal-wagtal ýarajyklar çykýar. Diş lukmany onuň keselini «deskwamatiw glossit» diýip kesgitledi. Ýelmeşegen lenta görnüşli barlag 9 ýaşly agtygymda içege gurçugynyň bardygyny görkezdi. Bejergiden soň hem onuň dişlerini gyjyrdatmagy galmady. Üstesine, ol horlanýar. Agtyklaryma nähili kömek etmeli?».

Ösümlik ýaglary peýdalymy?

Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki rentgen we funksional anyklaýyş bölüminiň lukmany Muhabbat Bäşimowa habarçymyzyň haýyşy boýunça ösümlik ýaglarynyň adam bedenine täsiri barada gürrüň berýär. Dürli ösümlikleriň miwelerinden ýa-da gozalaryndan, ýapraklaryndan, şahalaryndan, baldaklaryndan, kökünden, tohumyndan alynýan ýaglaryň bedene sagaldyjy täsir edýändigine lukmanlar we tebipler gadym eýýamlarda üns berip başlapdyr. Ýaglaryň bu görnüşi bedende bolup geçýän tebigy hadysalara gatnaşyp, maddalaryň alyş-çalşyny kadalaşdyrmaga, beden ulgamlarynda ýüze çykyp bilýän dürli näsazlyklaryň öňüni almaga ýardam edýär, käbir kesellerde esasy bejerginiň täsirini artdyrýar. Ösümlik ýaglarynyň mal ýaglaryndan ýene-de bir artykmaçlygy düzüminde holesteriniň saklanylmaýandygy bilen baglanyşyklydyr. Peýdaly häsiýetleri olary diňe bir iýmitlenişde däl-de, eýsem, immuniteti pugtalandyrmak, madda çalşygyny işjeňleşdirmek, toksiki maddalary endamdan daşary çykarmak, ganaýlanyşy gowulandyrmak, nerwleri köşeşdirmek, agyryny aýyrmak, allergiki täsirleri azaltmak, bedeniň agramyny kadalaşdyrmak, käbir keselleri bejermek maksady bilen lukmançylykda we halk lukmançylygynda, deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin kosmetologiýada ulanmaga mümkinçilik berýär. Ösümlik ýaglarynyň käbir görnüşleri bilen tanyşmak gyzykly we peýdaly bolsa gerek?!

Önümiň reňki nämäni habar berýär?

Ir-iýmişdir miweler, gök we bakja önümleri bir-birinden diňe tagamy, daşky görnüşi bilen däl-de, eýsem, reňki, bedene ýetirýän täsiri boýunça-da tapawutlanýarlar. Sebäbi olaryň düzüminde saklanýan witaminleriň, makro-mikroelementleriň, fermentleriň, antioksidantlaryň görnüşi we mukdary birmeňzeş däldir. Önümde haýsy maddanyň saklanýandygyny onuň reňkine seredip bilip bolýandyr. Ak reňkli önümlerde reňk beriji maddalar azdyr ýa-da asla ýokdur. Ýöne munuň özi olaryň peýdasyzdygyny aňlatmaýar. Düzümindäki fitonsidler, flawonoidler, selen olary nerw, ýürek-damar ulgamlarynyň näsazlyklarynyň öňüni almakda, immuniteti pugtalandyrmakda üstünlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bugdaýda, mekgejöwende, ak reňkli ösümlik önümlerinden sarymsakda, turpda köp mukdarda saklanýan selen E witamininiň özleşmegini çaltlandyrýar, deriniň, saçyň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulandyrýar, öýjükleriň sagdynlygyny üpjün etmäge gatnaşýar. Fitonsidler kesel dörediji bakteriýalary ýok edýär, ýiti respirator kesellerden goraýar. Allisin gandaky «ýaramaz» holesteriniň derejesini peseldýär, gaýnaglama garşy täsir edýär. Flawonoidler ýüregiň işine itergi berýär, nerwleri rahatlandyrýar. Flawonoidler, fitonsidler, selen, allisin belli bir mukdarda ak soganda we adaty kelemde hem saklanýar. Şoňa görä, ýiti respirator wirusly ýokançlaryň, ýiti respirator keselleriň köpçülikleýin ýaýraýan güýz

Dümew baradaky hakykat: haýsy pikir dogruka?!

Žurnalist Narjan Kasymowa halk köpçüliginiň arasynda «dümew» diýlip atlandyrylýan grip keseli baradaky pikirleri seljermegi Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň ýokanç keseller we epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Gülnar Daňatarowadan haýyş etdi. — Käbir adamlar gripi «öz-özünden geçip gidýän, bejergi talap etmeýän sowuklamadyr» öýdýärler...

Işdäňiz kadalymy?

Göwrelilik döwründe, köplenç, işdäniň açylmagy, bolmazlygy ýa-da peselmegi bilen bagly meseleler döreýär. Bu ýagdaýa göwrelilik döwründe zenanyň bedeninde fiziologiki üýtgeşmeleriň bolmagy, şeýle-de lukmana ýüz tutmaly bolan patologiki ýagdaýlar sebäp bolup bilýär. Göwreliligiň kadaly geçişinde işdäniň üýtgemegi bolmaly ýagdaýmy? Geliň, bulary aýdyňlaşdyralyň!

Öýkeniňiz sagdynmyka?

Öýkeniň howply täze döremelerini, ýagny öýken kanserini anyklamak we bejermek bilen baglanyşykly meseleler tutuş dünýäde onkolog lukmanlaryň üns merkezinde saklanylýar. Bu tötänden däldir. Birinjiden, Ýer yklymynda bu kesele duçar bolan syrkawlaryň sany barha artýar. Ikinjiden, näsaglaryň aglabasynda keseliň soňky derejeleri anyklanylýar. Sebäbi syrkawlaryň aglabasy lukmana giç, suw seňrikden agandan soň ýüz tutýar. Öýken kanseri bronhlaryň ýa-da öýkenleriň öýjüklerinden döreýän howply täze döremelerdir. Öýkeniň howply täze döremelerinde ilki ýüze çykýan alamatlar (üsgülewük, demgysma, döşde agyrynyň döremegi, ganly gakylyk) dem alyş ýollarynyň keselleriniňki bilen meňzeş bolýar. Bedeniň temperaturasynyň göräýmäge hiç hili sebäpsiz ýokarlanmagy bronhiti ýa-da öýken sowuklamany (pnewmoniýa) çak etdirýär. Soňabaka bu alamatlaryň üstüne gowşaklyk, sussupeslik, işjeňligiň peselmegi, bedeniň agramynyň azalmagy ýaly alamatlar hem goşulýar. Bulardan başga-da, süňklerde agyrynyň döremegi (paraneoplastiki sindrom) mümkindir. Öýken kanseri ilkinji derejelerde 15% ýagdaýda alamatsyz geçýär we lukmançylyk barlaglary geçirilende tötänden ýüze çykarylýar. Şoňa görä ýylda 1 gezek döş kapasasy agzalarynyň rentgen barlagyny geçirmek möhümdir. Şu alamatlaryň iň bolmanda biri peýda bolan bolsa-da pulmonolog ýa-da onkolog lukmana ýüz tutmak hökmandyr:

Süňkleriň dykyzlygy näme üçin peselýär?

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa adamyň ýaşyna baglylykda ýüze çykyp bilýän keselleriň biri bolan osteoporoz barada Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň ortopediýa bölüminiň müdiri Alym Nazarow bilen söhbetdeş boldy. —Osteoporozyň döremegi diňe adamyň ýaşyna baglymy?

Antibiotikler

Güýz, gyş möwsümlerinde wiruslaryň döredýän ýiti respirator wirusly ýokançlary, şol sanda halkyň arasynda «dümew» diýlip atlandyrylýan grip keseli, bakteriýalaryň döredýän ýiti respirator keselleri giňden ýaýraýar. Bu pasyllarda antibiotiki derman serişdeleriniň has köp ulanylýandygy hem mälimdir. Olaryň näsaglar tarapyndan özbaşdak, diýmek, köplenç, ýerliksiz, nädogry, artykmaç mukdarda we uzak wagtlap, aglaba ýagdaýda bolsa, ilkinji «tiz kömek çäresi» hökmünde peýdalanylmagy lukmançylyk ulgamynyň iň agyryly meseleleriniň biri bolup durýar.Eýsem, bu mesele näme üçin döwlet we halkara derejeli saglygy goraýyş guramalarynyň wekillerinde has köp howsala döredýär? Antibiotikler bedene nähili täsir edýär? Olary haçan we nädip ulanmaly? Nähili ýagdaýlarda ulanmakdan saklanmaly? Bu dermanlaryň gözegçiliksiz we nädogry ulanylmagy nähili netijelere getirip bilýär? Antibiotikler kesel dörediji bakteriýalara garşy täsirli derman serişdeleridir. Bakteriýalar bir öýjükli mikroorganizmlere degişli bolup, olar öz öýjüklerinde ýaşamaga, köpelmäge ukyply bolýar. Antibiotiki derman serişdeleri öýjük diwarjyklaryny weýran etmek arkaly bakteriýalary öýjükleri bilen bilelikde ýok edip bilýärler. Wiruslar bakteriýalar ýaly, öz öýjüklerinde däl-de, janly organizmiň belli-belli öýjüklerinde ýaşap köpelýärler. Diýmek, olary öýjükleri bilen bilelikde ýok etmek mümkin bolmaýar. Şol sebäpden a

Öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen ýurdumyzda öňüni alyş sanjymlary yzygiderli hasaba alynýar. Golaýda Türkmenistanyň «Sputnik V» sanjymyny bellige almagy hem aýdanlarymyza şaýatlyk edýär. Diýarymyz Merkezi Aziýa boýunça bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy we ony hasaba alan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi. Haçan-da adam belli bir kesele garşy öňüni alyş sanjymyny alanda, onuň bedeninde şol ýokanja garşy gorag bedenjikleri (antitelolar) döreýär. Ol gorag bedenjikleri mikroorganizimleri zyýansyzlandyryp, şol keseliň ýüze çykmagyna päsgel berýär. Çaga enesiniň göwresinde wagty we doglandan soň ilkinji aýlarynda ejesinden alan antitelolary bilen birnäçe ýokanç kesellerden goranýar. Soňra, bir ýaşyna çenli ejesinden çaga geçen antitelolar kem-kemden güýjüni ýitirýär we çaganyň kesellere garşy goraglylygy peselýär.

Maşgala bagtyýarlygy

Köp ene-atalar iki we ondan köp çagasy bolsa, jigi-dogan gabanjaňlygy bilen ýüzleşip görendirler. Körpe çaga gelen bäbege körpelik ornuny bermeli bolýar. Daş-töweregindäkileriň hemmesi bäbegi üns, mähir, söýgi bilen garaýar. Göräýmäge buýsançly, şatlykly waka, öýe bäbek, jigi geldi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen jigisi bolan çagada üýtgeşik duýgular döräp başlaýar. Özi hakda az alada edilýän ýaly duýgular döreýär. Nädip şeýle ýagdaýyň döremeginiň öňüni alyp bolar? Dörän halatynda nädip baş alyp çykmaly? Bu barada habarçymyza Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölüminiň psiholog lukmany Alym ŞANAZAROW gürrüň berdi.  Dünýäde «sibling» gatnaşyk diýlip atlandyrylýan jigi-dogan gatnaşygyny, aýratyn-da, täze doglan çaga bilen doganynyň arasynda ýüze çykýan ýagdaýy maşgalada nädip sazlamaly? Ene-atanyň täze doglan körpejäni maşgala durmuşyna uýgunlaşdyrmak ýaly ýagdaýlaryň başagaýlygy döwründe doganjygynyň bäbegi gabanmak ýaly meseleler hem döräp bilýär. Ilki bilen gabanmagynyň sebäbini anyklamaly. Munuň üçin ene-atalar körpejäni dogany bilen ýeke galdyrmazlyga çalyşmaly.

Lukmançylyk nyşanlarynyň taryhy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berlen «Bagabat» şypahanasyna barýan ýoluň ugrunda ýerleşen «Saglyk» binasyny «Türkmenistanyň lukmançylygy» nyşany bezeýär. Binanyň ýokarsynda ýerleşdirilen bu nyşan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen döredilendir we ýurdumyzda resmi lukmançylygyň nyşany hökmünde kabul edilendir. Ol türkmen lukmançylyk ylmynyň we tebipçiliginiň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, ýüz müňlerçe ýyllaryň dowamynda dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelnen üzärligiň, keýigokaranyň, kepjebaş ýylanynyň şekillerini öz içine alýar. Nyşanyň daşky aýlawynda üzärlik ösümliginiň 2 sany ýaşyl baldagynyň şekili ýerleşdirilen, olaryň hersinde 27 sany tohum düwmejikler saklanýar. Aýlawyň içinde sarymtyl ak reňkli 2 okaraly keýigokara hem-de oňa çepden 3 aýlaw bolup oralan kepjebaşyň şekili ýerleşdirilendir. Aýlawyň aşagynda ýarym aýlaw ölçeginde «Türkmenistanyň lukmançylygy» diýen ýazgy bar. Eýsem, häzirki wagtda-da dürli kesellerde ulanmak üçin niýetlenilen derman serişdeleriniň önümçiliginde çig mal bolup hyzmat edýän üzärligiň, keýigokaranyň hem-de zäheri müň derde derman jandaryň şekilleri nämäni aňladýar? Nyşandaky üzärligiň tohum düwmejikleriniň 27 sany bolmagy ýurt Garaşsyzlygymyzyň kabul edilip, äleme aýan bolan senesini, ýagny 27-nji sentýabry aňladýar. K

Göwrelilik döwründe geçirilýän barlaglar

Göwrelilik döwri zenanyň ýagdaýyny we göwredäki çaganyň ösüşini anyklamak üçin meýilnamalaýyn barlaglardan geçirilmegi hökmanydyr. Ine, şeýle barlaglaryň biri-de göwrelileriň ultrasesli barlag (USB) skriningidir.  Skrining birnäçe saglygy goraýyş barlaglarynyň toplumy bolup, ol enäniň göwresindäki çaganyň fiziki ösüşini anyklamaga, hromosom keselleriniň we doga kemisligiň howply toparyny irki döwürde ýüze çykarmaga niýetlenendir. Skrining barlagyny ähli göwreli zenanlaryň geçmegi hökmandyr. Sebäbi ol enäniň göwresindäki çaganyň genetiki kesellerini, doga kemisligi, göwreliligiň dowamynda ýüze çykýan käbir meseleleri we gaýra üzülmeleri irki döwürde anyklap, bejergi almagyna ýardam edýär. Göwreliligiň tutuş dowamynda skrining barlagy 3 gezek geçirilýär (göwreliligiň her üç aýlygynda).

Möwsümleýin kesellerden goranalyň!

Gyş hem ýaz aýlary ýiti respirator ýokanç keselleriniň dowam edýän döwri hasaplanylýar. Pasyl çalşygynda döreýän sowuklama kesellerinden nädip maşgalany we çagalary goramaly? Nädip öňüni almaly? Şular dogrusynda habarçymyza Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Maýagül JUMAÝEWA şeýle gürrüň berdi. Çagalar ýylyň sowuk we pasyl çalşygy döwründe ýygy keselleýärler. Ýiti respirator keselleri bilen 2-3 ýaşly çaga 6 ýaşlylara garanda has köp keselleýär. Çagalar ulaldygyça kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokarlanýandygy sebäpli az dümewleýärler. Şonuň üçin öňüni alyş çärelerini dogry we doly ýerine ýetirmek bilen çagany islendik ýaşda kesellerden gorap bolýar.

Göwreliligi meýilleşdirmek

Çaganyň dünýä inmegi her bir maşgala üçin uly bagtdyr. Her bir ene-ata çaga dünýä inenden soň oňa talabalaýyk gözegçilik etmäge, mähir-alada bilen gurşamaga taýýar bolmalydyr. Onuň üçin maşgala agzalary göwreliligiň kadaly geçişini ýola goýup, sagdyn çaganyň dünýä inmegi üçin howp salýan alamatlary wagtynda ýüze çykarmagy başarmalydyrlar. Ene-ata çagasynyň saglygyna kiçilikden ünsli bolmaly, sebäbi nesil öndürmek ukyby çagalykdan kemala gelýär. Kiçi ýaşly gyzjagazlarda gurçuk keselleri, dürli ulgamlaryň sowuklama, ýygy dümewleme keselleri, iç gatama, böwrek we bagyr sowuklamalary geljekde aýbaşynyň bozulmalaryna, önelgesizlige getirip bilýär. Uly gyzlarda sowuklama keselleri, aýbaşynyň wagtynda gelmezligi (14-15 ýaşdan giç), yzygiderliliginiň bozulmagy, aýbaşynyň uzak wagtlap ýa-da köp möçberde bolmagy geljekde ganazlyga, önelgesizlige ýa-da boljak göwreliligiň agyrlaşmagyna getirip bilýär. Oglanjyklarda hapgyrtma keseli, jyns agzalarynyň şikesleri dürli kesellere getirip, önelgesizligiň sebäbi bolup bilýär. Göwreliligi meýilleşdirmekden öň geljekki ene-atanyň oňa taýýar bolmagy zerurdyr. Şonda göwreliligiň kadaly geçmeginiň, dogrumyň agyrlaşman, çaganyň sagdyn dünýä inmegine mümkinçilik has-da artýar. Şeýle mümkinçiligi berjaý etmek üçin är-aýalyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmegi zerurdyr.