Lukmançylyk nyşanlarynyň taryhy

19 Fewral 2021
1617

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berlen «Bagabat» şypahanasyna barýan ýoluň ugrunda ýerleşen «Saglyk» binasyny «Türkmenistanyň lukmançylygy» nyşany bezeýär. Binanyň ýokarsynda ýerleşdirilen bu nyşan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen döredilendir we ýurdumyzda resmi lukmançylygyň nyşany hökmünde kabul edilendir. Ol türkmen lukmançylyk ylmynyň we tebipçiliginiň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, ýüz müňlerçe ýyllaryň dowamynda dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelnen üzärligiň, keýigokaranyň, kepjebaş ýylanynyň şekillerini öz içine alýar. Nyşanyň daşky aýlawynda üzärlik ösümliginiň 2 sany ýaşyl baldagynyň şekili ýerleşdirilen, olaryň hersinde 27 sany tohum düwmejikler saklanýar. Aýlawyň içinde sarymtyl ak reňkli 2 okaraly keýigokara hem-de oňa çepden 3 aýlaw bolup oralan kepjebaşyň şekili ýerleşdirilendir. Aýlawyň aşagynda ýarym aýlaw ölçeginde «Türkmenistanyň lukmançylygy» diýen ýazgy bar.

Eýsem, häzirki wagtda-da dürli kesellerde ulanmak üçin niýetlenilen derman serişdeleriniň önümçiliginde çig mal bolup hyzmat edýän üzärligiň, keýigokaranyň hem-de zäheri müň derde derman jandaryň şekilleri nämäni aňladýar? Nyşandaky üzärligiň tohum düwmejikleriniň 27 sany bolmagy ýurt Garaşsyzlygymyzyň kabul edilip, äleme aýan bolan senesini, ýagny 27-nji sentýabry aňladýar. Keýigokaranyň 2 okarasy bir ajaýyp şygyrda «Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar» diýlip wasp edilýän Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk ýaly mukaddes düşünjeleri aňladýar. Kepjebaşyň, keýigokaranyň daşyna çepden aýlanyp, 3 aýlaw bolup oralmagy türkmençilikde üçlüge mukaddes san hökmünde seredilýändigini, lukmançylykda bolsa onuň 3 dermany: ot-çöpi, şypaly suwy we hoş sözi aňladýandygyny görkezýär.

Baýmyrat BEGMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.