Öýkeniňiz sagdynmyka?

19 Fewral 2021
1525

Öýkeniň howply täze döremelerini, ýagny öýken kanserini anyklamak we bejermek bilen baglanyşykly meseleler tutuş dünýäde onkolog lukmanlaryň üns merkezinde saklanylýar. Bu tötänden däldir. Birinjiden, Ýer yklymynda bu kesele duçar bolan syrkawlaryň sany barha artýar. Ikinjiden, näsaglaryň aglabasynda keseliň soňky derejeleri anyklanylýar. Sebäbi syrkawlaryň aglabasy lukmana giç, suw seňrikden agandan soň ýüz tutýar.

Öýken kanseri bronhlaryň ýa-da öýkenleriň öýjüklerinden döreýän howply täze döremelerdir. Öýkeniň howply täze döremelerinde ilki ýüze çykýan alamatlar (üsgülewük, demgysma, döşde agyrynyň döremegi, ganly gakylyk) dem alyş ýollarynyň keselleriniňki bilen meňzeş bolýar. Bedeniň temperaturasynyň göräýmäge hiç hili sebäpsiz ýokarlanmagy bronhiti ýa-da öýken sowuklamany (pnewmoniýa) çak etdirýär. Soňabaka bu alamatlaryň üstüne gowşaklyk, sussupeslik, işjeňligiň peselmegi, bedeniň agramynyň azalmagy ýaly alamatlar hem goşulýar. Bulardan başga-da, süňklerde agyrynyň döremegi (paraneoplastiki sindrom) mümkindir. Öýken kanseri ilkinji derejelerde 15% ýagdaýda alamatsyz geçýär we lukmançylyk barlaglary geçirilende tötänden ýüze çykarylýar. Şoňa görä ýylda 1 gezek döş kapasasy agzalarynyň rentgen barlagyny geçirmek möhümdir. Şu alamatlaryň iň bolmanda biri peýda bolan bolsa-da pulmonolog ýa-da onkolog lukmana ýüz tutmak hökmandyr:

Güýçmyrat KAKABAÝEW,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki döş kapasasy hirurgiýasy bölüminiň ylmy işgäri.