Ösümlik ýaglary peýdalymy?

19 Fewral 2021
1381

Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki rentgen we funksional anyklaýyş bölüminiň lukmany Muhabbat Bäşimowa habarçymyzyň haýyşy boýunça ösümlik ýaglarynyň adam bedenine täsiri barada gürrüň berýär.

Dürli ösümlikleriň miwelerinden ýa-da gozalaryndan, ýapraklaryndan, şahalaryndan, baldaklaryndan, kökünden, tohumyndan alynýan ýaglaryň bedene sagaldyjy täsir edýändigine lukmanlar we tebipler gadym eýýamlarda üns berip başlapdyr. Ýaglaryň bu görnüşi bedende bolup geçýän tebigy hadysalara gatnaşyp, maddalaryň alyş-çalşyny kadalaşdyrmaga, beden ulgamlarynda ýüze çykyp bilýän dürli näsazlyklaryň öňüni almaga ýardam edýär, käbir kesellerde esasy bejerginiň täsirini artdyrýar. Ösümlik ýaglarynyň mal ýaglaryndan ýene-de bir artykmaçlygy düzüminde holesteriniň saklanylmaýandygy bilen baglanyşyklydyr. Peýdaly häsiýetleri olary diňe bir iýmitlenişde däl-de, eýsem, immuniteti pugtalandyrmak, madda çalşygyny işjeňleşdirmek, toksiki maddalary endamdan daşary çykarmak, ganaýlanyşy gowulandyrmak, nerwleri köşeşdirmek, agyryny aýyrmak, allergiki täsirleri azaltmak, bedeniň agramyny kadalaşdyrmak, käbir keselleri bejermek maksady bilen lukmançylykda we halk lukmançylygynda, deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin kosmetologiýada ulanmaga mümkinçilik berýär. Ösümlik ýaglarynyň käbir görnüşleri bilen tanyşmak gyzykly we peýdaly bolsa gerek?!

«Saglyk».