Antibiotikler

19 Fewral 2021
1718

Güýz, gyş möwsümlerinde wiruslaryň döredýän ýiti respirator wirusly ýokançlary, şol sanda halkyň arasynda «dümew» diýlip atlandyrylýan grip keseli, bakteriýalaryň döredýän ýiti respirator keselleri giňden ýaýraýar. Bu pasyllarda antibiotiki derman serişdeleriniň has köp ulanylýandygy hem mälimdir. Olaryň näsaglar tarapyndan özbaşdak, diýmek, köplenç, ýerliksiz, nädogry, artykmaç mukdarda we uzak wagtlap, aglaba ýagdaýda bolsa, ilkinji «tiz kömek çäresi» hökmünde peýdalanylmagy lukmançylyk ulgamynyň iň agyryly meseleleriniň biri bolup durýar.
Eýsem, bu mesele näme üçin döwlet we halkara derejeli saglygy goraýyş guramalarynyň wekillerinde has köp howsala döredýär? Antibiotikler bedene nähili täsir edýär? Olary haçan we nädip ulanmaly? Nähili ýagdaýlarda ulanmakdan saklanmaly? Bu dermanlaryň gözegçiliksiz we nädogry ulanylmagy nähili netijelere getirip bilýär?

Antibiotikler kesel dörediji bakteriýalara garşy täsirli derman serişdeleridir. Bakteriýalar bir öýjükli mikroorganizmlere degişli bolup, olar öz öýjüklerinde ýaşamaga, köpelmäge ukyply bolýar. Antibiotiki derman serişdeleri öýjük diwarjyklaryny weýran etmek arkaly bakteriýalary öýjükleri bilen bilelikde ýok edip bilýärler. Wiruslar bakteriýalar ýaly, öz öýjüklerinde däl-de, janly organizmiň belli-belli öýjüklerinde ýaşap köpelýärler. Diýmek, olary öýjükleri bilen bilelikde ýok etmek mümkin bolmaýar. Şol sebäpden antibiotikler belli bir «hojaýynyň öýjüklerinde gizlenen» wiruslary ýok edip bilmeýärler. Şeýle netije gelip çykýar: ýiti respirator wirusly ýokançlarda antibiotikleri ulanmagyň haýry ýok. Olary bakteriýalaryň döredýän kesellerinde, galyberse-de, wirusly ýokançlaryň üstüne bakteriýalaryň goşulyp, ýiti gaýra üzülmeleriň ýüze çykmak howpy peýda bolanda ulanmak maksada laýykdyr. Görkezilen ýagdaýlarda diňe bir «antibiotikleri ulanmalymy ýa-da ulanmaly däl» diýen soraga jogap tapmak däl-de, eýsem, olary dogry saýlamak hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şoňa görä-de ýiti respirator wirusly ýokançlary ýa-da ýiti respirator keselleri güman etdirýän alamatlar peýda bolanda lukman bilen maslahatlaşmak zerurlygy ýüze çykýar.

Şemşat SAPARLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 15-nji saglyk öýüniň baş lukmany.