Sagdyn raýat — bagtyýar jemgyýet

19 Fewral 2021
1320

Jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamyň saglyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleriniň netijeli peýdalanylmagyny ugur edinýän hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş meseleleriniň netijeli çemeleşmelerini durmuşa ornaşdyrdy. Onuň esasynda adam mümkinçilikleriniň doly ulanylmagyna daýanýan strategik binýat bardyr. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, şol sanda onuň döwrebap düzümini kemala getirmek Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň adam hak­da ala­da­ny esa­sy üns mer­ke­zin­de goý­ýan sy­ýa­sa­ty oý­la­ny­şyk­ly iş­le­nip dü­zü­len mak­sat­na­ma­la­ryň we stra­te­gi­ýa­la­ryň çä­gin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da  «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy», «Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­ny Türk­me­nis­tan­da dur­mu­şa ge­çir­me­giň 2017 – 2021-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy», «Türk­me­nis­tan­da ila­tyň psi­hi­ki sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça 2018 – 2022-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma», «Türk­me­nis­tan­da ila­tyň fi­zi­ki iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça 2018 – 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa», «Türk­me­nis­tan­da 2018 – 2024-nji ýyl­lar­da al­kogo­lyň zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma» he­re­ket ed­ýär.

Baý­ram­my­rat HA­JY­MÄM­ME­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Mejlisiniň Dur­muş sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy.