Maşgala bagtyýarlygy

19 Fewral 2021
1219

Köp ene-atalar iki we ondan köp çagasy bolsa, jigi-dogan gabanjaňlygy bilen ýüzleşip görendirler. Körpe çaga gelen bäbege körpelik ornuny bermeli bolýar. Daş-töweregindäkileriň hemmesi bäbegi üns, mähir, söýgi bilen garaýar. Göräýmäge buýsançly, şatlykly waka, öýe bäbek, jigi geldi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen jigisi bolan çagada üýtgeşik duýgular döräp başlaýar. Özi hakda az alada edilýän ýaly duýgular döreýär. Nädip şeýle ýagdaýyň döremeginiň öňüni alyp bolar? Dörän halatynda nädip baş alyp çykmaly? Bu barada habarçymyza Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölüminiň psiholog lukmany Alym ŞANAZAROW gürrüň berdi. 

Dünýäde «sibling» gatnaşyk diýlip atlandyrylýan jigi-dogan gatnaşygyny, aýratyn-da, täze doglan çaga bilen doganynyň arasynda ýüze çykýan ýagdaýy maşgalada nädip sazlamaly? Ene-atanyň täze doglan körpejäni maşgala durmuşyna uýgunlaşdyrmak ýaly ýagdaýlaryň başagaýlygy döwründe doganjygynyň bäbegi gabanmak ýaly meseleler hem döräp bilýär. Ilki bilen gabanmagynyň sebäbini anyklamaly. Munuň üçin ene-atalar körpejäni dogany bilen ýeke galdyrmazlyga çalyşmaly.

«Saglyk»