Göwreliligi meýilleşdirmek

19 Fewral 2021
2385

Çaganyň dünýä inmegi her bir maşgala üçin uly bagtdyr. Her bir ene-ata çaga dünýä inenden soň oňa talabalaýyk gözegçilik etmäge, mähir-alada bilen gurşamaga taýýar bolmalydyr. Onuň üçin maşgala agzalary göwreliligiň kadaly geçişini ýola goýup, sagdyn çaganyň dünýä inmegi üçin howp salýan alamatlary wagtynda ýüze çykarmagy başarmalydyrlar. Ene-ata çagasynyň saglygyna kiçilikden ünsli bolmaly, sebäbi nesil öndürmek ukyby çagalykdan kemala gelýär. Kiçi ýaşly gyzjagazlarda gurçuk keselleri, dürli ulgamlaryň sowuklama, ýygy dümewleme keselleri, iç gatama, böwrek we bagyr sowuklamalary geljekde aýbaşynyň bozulmalaryna, önelgesizlige getirip bilýär. Uly gyzlarda sowuklama keselleri, aýbaşynyň wagtynda gelmezligi (14-15 ýaşdan giç), yzygiderliliginiň bozulmagy, aýbaşynyň uzak wagtlap ýa-da köp möçberde bolmagy geljekde ganazlyga, önelgesizlige ýa-da boljak göwreliligiň agyrlaşmagyna getirip bilýär. Oglanjyklarda hapgyrtma keseli, jyns agzalarynyň şikesleri dürli kesellere getirip, önelgesizligiň sebäbi bolup bilýär.

Göwreliligi meýilleşdirmekden öň geljekki ene-atanyň oňa taýýar bolmagy zerurdyr. Şonda göwreliligiň kadaly geçmeginiň, dogrumyň agyrlaşman, çaganyň sagdyn dünýä inmegine mümkinçilik has-da artýar. Şeýle mümkinçiligi berjaý etmek üçin är-aýalyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmegi zerurdyr.

Amangözel GOJAÝEWA,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň reproduktiw saglygy goraýyş merkeziniň uly ylmy işgäri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.