Öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti

19 Fewral 2021
1164

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen ýurdumyzda öňüni alyş sanjymlary yzygiderli hasaba alynýar. Golaýda Türkmenistanyň «Sputnik V» sanjymyny bellige almagy hem aýdanlarymyza şaýatlyk edýär. Diýarymyz Merkezi Aziýa boýunça bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy we ony hasaba alan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi.

Haçan-da adam belli bir kesele garşy öňüni alyş sanjymyny alanda, onuň bedeninde şol ýokanja garşy gorag bedenjikleri (antitelolar) döreýär. Ol gorag bedenjikleri mikroorganizimleri zyýansyzlandyryp, şol keseliň ýüze çykmagyna päsgel berýär. Çaga enesiniň göwresinde wagty we doglandan soň ilkinji aýlarynda ejesinden alan antitelolary bilen birnäçe ýokanç kesellerden goranýar. Soňra, bir ýaşyna çenli ejesinden çaga geçen antitelolar kem-kemden güýjüni ýitirýär we çaganyň kesellere garşy goraglylygy peselýär.

Gül­je­mi­le BA­ZA­RO­WA,
Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­niň ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek we im­mu­no­lo­gi­ýa bö­lü­mi­niň mü­di­ri.