Çopandag noriçnigi (Норичник чопандагский)

19 Fewral 2021
943

Häsiýeti. Dag derman ösümligi.

Çopandag noriçnigi — noriçnikler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 40—50 sm köpýyllyk otjumak ýa-da ýarym-gyrymsyja wekili. Ösümlik tutuş gür bolmadyk, gaty, başly, goňur, gysga ak sapakly tüýjagaz bilen örtülen. Baldagy köp sanly, göni ýa-da azda-kände dik galýan, dörtgyraňly. Ýapragy köp sanly, uzynlygy (1,5) 3—4 sm we ini (1) 1,5—2 sm, ýelek şekilli bölünen, olaryň ülüşleri hem ýelek şekilli bölünen, ýitiräk, tutuş ýapragy sapakly, uzynlygy 2 sm, gülýanynyň ýapragynyň ujy çowly ýa-da çyzykly, uzynlygy 0,5—1 sm we ini 2 mm, sapaksyz, käte seýrek we gowşak bölünen.