Möwsümleýin kesellerden goranalyň!

19 Fewral 2021
1014

Gyş hem ýaz aýlary ýiti respirator ýokanç keselleriniň dowam edýän döwri hasaplanylýar. Pasyl çalşygynda döreýän sowuklama kesellerinden nädip maşgalany we çagalary goramaly? Nädip öňüni almaly? Şular dogrusynda habarçymyza Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Maýagül JUMAÝEWA şeýle gürrüň berdi.

Çagalar ýylyň sowuk we pasyl çalşygy döwründe ýygy keselleýärler. Ýiti respirator keselleri bilen 2-3 ýaşly çaga 6 ýaşlylara garanda has köp keselleýär. Çagalar ulaldygyça kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokarlanýandygy sebäpli az dümewleýärler. Şonuň üçin öňüni alyş çärelerini dogry we doly ýerine ýetirmek bilen çagany islendik ýaşda kesellerden gorap bolýar.

«Saglyk»