"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Biz – bagtyýar talyplar

Kössek KÖSSEKOW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, sambo boýunça sport ussatlygyna dalaşgär:

Ýaşlar – ýurduň gelejegi

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Bu okuw sapagyna biziň zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimiziň hem talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýylyň dolýandygyny belledi. Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk alyp galkynan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygyň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady hökmündäki ähmiýetini aýratyn belledi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamynda-da uly ösüşler gazanylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerýän ýaşlar bu günki gün iri halkara ýaryşlarynda Döwlet tugumyzy belentde parladýarlar.

Taryhda şu gün

Belli suwda ýüzüji ilkinji iki olimpiýa medalyny 1968-nji ýylda Mehikoda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda gazanypdy. Şonda 18 ýaşly türgen erkin usulda 4 х 100 we 4 х 200 metr aralyklardaky toparlaýyn estafetalarda tapawutlanypdy. Şonuň üçin Spits Mýunhen Olimpiadasyna iki gezek olimpiýa çempiony we dünýäniň 1969-njy we 1971-nji ýyllaryň iň gowy suwda ýüzüjisi hökmünde gatnaşypdy.

Olimpiýa oýunlaryndaky üstünlik

halkymyzyň buýsanjyny hem-de Watanymyzyň abraýyny artdyrdy Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan türkmen sportunyň wekillerini hormatlamak dabarasy geçirildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomuskyOlimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna iberen gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S. Berdimuhamedow okady.

UEFA-nyň tä­ze ýa­ry­şy­nyň ilkinji möwsümi

UEFA-nyň tä­ze dö­re­di­len li­ga­sy Ýew­ro­pa Kon­fe­ren­si­ýa li­ga­sy­nyň il­kin­ji möw­sü­mi­niň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. 32 klu­buň gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da to­par­lar 8 to­par­ça bö­lün­di. Bu ýa­ry­şa mil­li çem­pio­nat­la­ryn­da 6–7-nji or­ny eýe­län­ler, şol san­da Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň saý­la­ma tap­gyr­la­ryn­da şow­suz bo­lan klub­lar gat­naş­ýar. UEFA-nyň sa­na­wyn­da aşa­ky orun­lar­da bo­lan çem­pio­nat­la­ryň klub­la­ry­nyň has-da kä­mil­leş­me­gi üçin dö­re­di­len ýa­ry­şyň iň esa­sy to­pa­ry meş­hur tä­lim­çi Žo­ze Mou­ri­nio­nyň hä­zir­ki hem-de öň­ki klub­la­ry bo­lup, olar «Ro­ma» bi­len «Tot­ten­ham» to­par­la­ry­dyr. Şeý­le-de, il­de­şi­miz Gur­ban Ber­di­ýe­wiň tä­lim ber­ýän to­pa­ry «Kaý­rat» hem ýa­ry­şa gat­naş­ýar. «Ro­ma» «C», «Tot­ten­ham» «G» to­par­ça­da çy­kyş et­se, «Kaý­rat «H» to­par­ça­da «Ba­zel», «Ka­ra­bag» hem-de «Omo­nia» to­par­la­ry bi­len bi­je çe­kiş­di. «Alaş­kert» (Er­me­nis­tan), «Bud­ýo-Glimt» (Nor­we­gi­ýa), «Flo­ra» (Es­to­ni­ýa), «Kaý­rat» (Ga­za­gys­tan), «Lin­koln Red Imps» (Gib­ral­tar), «Mu­ra» (Slo­we­ni­ýa), «Ran­ners» (Da­ni­ýa) hem-de «Union Ber­lin» (Ger­ma­ni­ýa) klub­la­ry il­kin­ji ge­zek UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da to­par­ça­lar­da çy­kyş eder. Şol bir wag­tyň özün­de Er­me­nis­tan­dan, Es­to­ni­ýa­dan hem-de Gi­bral­tar­dan bir klub UEFA-nyň ýa­ryş­la­ry­nyň to­par­ça­la­ry­na il­kin­ji ge­zek

Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di

UEFA Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi­niň bi­je­le­ri çe­kil­di. UEFA Ýew­ro­pa Kon­fe­ren­si­ýa li­ga­sy­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gyn­dan soň, UEFA-nyň ikin­ji de­re­je­li klub bäs­le­şi­gin­de to­par sa­ny 48-den 32-ä dü­şü­ril­di. Şo­ňa gö­rä, 32 klub 8 to­par­ça paý­lan­dy. Ang­li­ýa­nyň «West Ham Ýu­naý­ted» to­pa­ry, şol san­da Ýew­ro­pa li­ga­sy ady bi­len ge­çi­ri­lip baş­la­ny bä­ri gör­ke­zi­ji­le­ri ha­sa­ba ala­nyň­da, Da­ni­ýa­nyň «Brondb­ýu» to­pa­ry-da ýa­ry­şyň deb­ýu­tant­la­ry bo­lar­lar. Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň şu möw­sü­min­de iň köp to­par Fran­si­ýa­dan gat­na­şyp, 3 fran­suz klu­by ýa­ry­şa we­kil­çi­lik eder­ler. Ýa­ry­şyň tä­ze düz­gü­ni­ne la­ýyk­lyk­da, her to­par­ça­ny bi­rin­ji orun­da ta­mam­lan­lar ýa­ry­şy do­wam et­di­rer­ler. Ikin­ji ýe­ri eýe­län­ler bol­sa, Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň to­par­ça­la­ryn­da 3-nji or­ny eýe­län­ler bi­len pleý-off oý­nar­lar.

Bäs­leş­män ýe­ňiş mün­be­ri­ne çyk­dy­lar

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 12-nji ýa­ry­şy Bel­gi­ýa­da ge­çi­ril­me­li­di. Ýö­ne güýç­li ýa­gan ýa­gyş se­bäp­li ýa­ryş ge­çi­ril­me­di. Il­kibaş­da 3 sa­gat so­ňa süý­şü­ri­len bäs­le­şik FIA-nyň ge­len ne­ti­je­si bo­ýun­ça iň bol­man­da bir sa­gat­lyk ge­çi­ril­me­li edil­di. Howp­suz­lyk ula­gy­nyň gö­zeg­çi­li­gin­de tras­sa çy­kan sü­rü­ji­ler 2 aý­law­dan soň ýag­şyň güý­jü­niň pe­sel­män­di­gi se­bäp­li ýa­ryş ýa­ty­ryl­dy. Şeý­le­lik­de, sü­rü­ji­le­re ýa­ry­şyň ýa­ry­sy ta­mam­la­nan ýag­da­ýyn­da be­ril­ýän utuk­lar, ýag­ny ada­ty ýag­daý­da­ky utuk­la­ryň ýa­ry­sy be­ril­di. Saý­la­ma tap­gy­ryn­da öň­dä­ki 3 or­ny eýe­län­ler mün­be­re çy­kyp, «Red Bul­luň» ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen 12,5 utuk, «Wil­liams» to­pa­ry­nyň bri­tan pi­lo­ty Jorj Ras­sel 9, «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Lýu­wis Ha­mil­ton 7,5 utuk al­dy. Umu­my sa­naw­da Ha­mil­to­nyň 202,5 utu­gy bo­lup, ol bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýär. On­dan 3 utu­gy az Wers­tap­pen 2-nji (199,5 utuk) hem-de Lan­do Nor­ris 113 utuk bi­len 3-nji orun­da bar­ýar.

Ku­ar­ta­ra­ro ara­ny aç­ýar

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 12-nji bäs­le­şi­gi Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ge­çi­ril­di. Sil­wers­to­un şä­her­çe­sin­de ge­çi­ri­len ýa­ryş­da 20 aý­la­wy 40 mi­nut 20,579 se­kunt­da ta­mam­lan «Mons­ter Ener­gy Ya­ma­ha» to­pa­ry­nyň fran­suz sü­rü­ji­si Fa­bio Ku­ar­ta­ra­ro ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 5-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 8-nji ýeň­şi­dir. Ýe­ňi­ji­den 2,663 se­kunt soň pel­le­ha­na­dan ge­çen «Su­zu­ki Ecstar» to­pa­ry­nyň is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Aleks Rins 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Baş­ga bir is­pa­ni­ýa­ly pi­lot, «Ap­ri­lia» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si Aleiks Es­par­ga­ro mün­be­riň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. Ge­çi­ri­len 12-nji ýa­ryş­dan soň kem-kem­den ara­ny aç­ýan Fa­bio Ku­ar­ta­ra­ro 206 utuk bi­len sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýär. Ikin­ji orun­da­ky is­pa­ni­ýa­ly Žo­an Mi­riň (Su­zu­ki Ecstar) 141, 3-nji bas­gan­çak­da­ky fran­si­ýa­ly Ýo­han Zar­ko­nyň (Ducati Pra­mac) 137 utu­gy bar.

Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 3-nji ge­zek Dün­ýä­niň çem­pio­ny bol­dy

Ke­nar­ýa­ka fut­bo­ly bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň paý­tag­ty Mosk­wa­da ge­çi­ri­len 21-nji Dün­ýä Ku­bo­gy ta­mam­lan­dy. Ýa­ryş­da Rus­si­ýa­nyň ke­nar­ýa­ka fut­bol­çy­la­ry çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, olar fi­nal­da Ýa­po­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan 5–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dylar. Rus­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Zems­kow (4), Kra­şe­nin­ni­kow (13, 34), No­wi­kow (15) hem-de Pa­po­rot­nyý (19) der­we­zä gi­riz­di. Ýa­pon­la­ryň iki go­lu­ny-da Aka­gu­ma öz ady­na ýaz­dyr­dy (13, 17 p). Şeý­le­lik­de, Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2011-nji we 2013-nji ýyl­lar­dan soň 3-nji ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. Bü­rünç me­dal ug­run­da­ky du­şu­şyk­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Se­ne­ga­lyň ýy­gyn­dy­sy­ny 9-7 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da Şweý­sa­ri­ýa­dan Ho­del, Se­ne­gal­dan Di­at­ta 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.

Ro­nal­do — mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy

Ka­tar 2022 Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň çä­gin­de Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da Ir­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny ka­bul et­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nuň 15-nji mi­nu­tyn­da ýyl­dyz oýunçy Kris­tia­no Ro­nal­do 11 metrlik jerime ur­gu­syn­dan ýer­lik­li peý­da­la­nyp bil­me­di. Bu onuň mil­li ýy­gyn­dy­da­ky dürs urup bil­me­dik il­kin­ji 11 metrlik jerime ur­gusy­dyr. Bi­rin­ji ýa­rym ta­mam­lan­man­ka, 45-nji mi­nut­da ir­land­lar Jon Ega­nyň go­ly bi­len öňe saý­lan­dy. Ýö­ne ruh­dan düş­me­dik por­tu­gal­lar 2-nji ýa­ry­myň ahy­ryn­da iki gol ge­çi­rip, ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Gol­la­ryň iki­si­ni-de 89-njy we 90+6-njy mi­nut­lar­da kel­le ur­gu­sy bi­len Kris­tia­no Ro­nal­do öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şeý­le­lik­de, 36 ýa­şyn­da­ky ýyl­dy­zyň mil­li ýy­gyn­dy­da ge­çi­ren gol­la­ry­nyň sa­ny 111-e ýe­tip, ol en­çe­me ýyl­lap 109 gol bi­len re­kor­dy özün­de sak­lan eý­ran­ly Ali Daei­den öňe saý­lan­dy. Şun­luk­da, Ro­nal­do mil­li ýy­gyn­dy­da iň köp gol ge­çi­ren fut­bol­çy re­kor­dy­nyň tä­ze eýe­si bol­dy. 180-nji du­şu­şy­gy­ny oý­nan Ro­nal­do bu ugur­da Ser­hio Ra­mo­syň Ýew­ro­pa­da mil­li ýy­gyn­dy­da iň köp du­şu­şyk ge­çi­ren fut­bol­çy re­kor­dy­ny gaý­ta­la­dy. Ro­nal­do ýe­ne-de 16 oýun­da meý­dan­ça çyk­sa, on­da ma­laý­zi­ýa­ly So Çin Anyň (1969—1984) 195 oýun­lyk re­kor­dy­ny tä­ze­lär.

Ronaldo «Ýunaýtede», Grizmann «Atletiko» dolandy

Bu ýy­lyň to­mus­ky trans­fer möw­sü­mi diý­seň gyz­ga­laň­ly ge­çip, uly trans­fer wa­ka­la­ry­na baý bol­dy. Dün­ýä­niň hä­zir­ki wagt­da­ky iň uly iki ýyl­dy­zy klub­la­ry­ny ça­lyş­dy. Mes­si 21 ýyl­lyk «Bar­se­lo­na» kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­lap, PSŽ bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Mes­si­den soň por­tu­ga­li­ýa­ly Kris­tia­no Ro­nal­do hem «Ýu­wen­tus­da­ky» ýol­daş­la­ry bi­len hoş­la­şyp, özü­ne il­kin­ji şöh­rat ga­zan­dy­ran klu­bu­na, ýag­ny «Man­çes­ter Ýu­naý­te­de» do­lan­dy. «Ýu­wen­tus­da» 3 ýyl­da 5 ku­bok ga­za­nan Ro­nal­do «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bi­len 2+1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Man­ku­ni­an­lar onuň trans­fe­ri üçin «Ýu­wen­tu­sa» 5 ýy­lyň do­wa­myn­da 15 mil­li­on ýew­ro, şol san­da Ro­nal­do­nyň gör­kez­jek ba­şar­ny­gy­na gö­rä, ýe­ne-de 8 mil­li­on ýew­ro tö­lär. 12 ýyl­dan soň «Man­çes­ter Ýu­naý­te­de» do­la­nan Ro­nal­do ýyl­lyk 30 mil­li­on ýew­ro go­laý hak alar. To­mus­ky trans­fer möw­sü­mi­niň soň­ky gün­le­rin­de klu­bu­ny çal­şan di­ňe Ro­nal­do bol­man, esa­san hem soň­ky gü­nün­de, 31-nji aw­gust­da on­lar­ça fut­bol­çy tä­ze ýa-da ozal­ky to­par­la­ry bi­len şert­na­ma bag­laş­dy.

Bir asyrlyk senä bagyşlanan duşuşyk

«7/24.tm», № 35 (66), 30.08.2021. Latwiýanyň futbol federasiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli ýerli oýunçylaryň futbol ýyldyzlary bilen ýoldaşlyk duşuşygynyň geçirilendigi baradaky habar Aşgabatda guralan halkara futbol ýaryşlary ýatlatdy. Şol ýaryşlarda dostlukly döwletleriň futbol klublary çykyş edýärdi. Yzygiderli ýaryşa gatnaşýan we netijeli çykyşlary bilen türkmen futbolçylarynyň söýgüsini gazanan klublaryň biri Riganyň «Skontosydy». Soňlugy bilen bu toparda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow çykyş edipdi. Ol hatda janköýerleriň söýgüsini gazanan oýunçy hem bolupdy.

Aşraf Hakimi

«7/24.tm», № 35 (66), 30.08.2021. Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň 4-sinde meýdança çykan ilkinji arap futbolçysy.

Emin bolmak aňsat däl

«7/24.tm», № 35 (66), 30.08.2021. Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýän döwürde guramaçylar bilen häli-şindi iş salşyp duruldy. Dünýä çempionatynyň resmi saýtyna jogapkärler bilen bolsa Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedow işleşdi. Soň-soňlar  Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty üçin agyr atletika bilen bagly habardyr maglumata zerurlyk dörese eglenmän Çarygeldi Mämmedowa ýüz tutýardyk.

«Ahal» AFK-nyň kubogynda çykyş etdi

«7/24.tm», № 35 (66), 30.08.2021. Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» AFK-nyň kubogyndaky aýgytlaýjy oýna ykjam taýýarlyk gördi. Ýurdumyzyň öňdebaryjy topary Özbegistanyň çempionatynyň baýrakly ornunyň eýesi «Nasaf» bilen güýç synanyşdy. Duşuşygyň garşydaşymyzyň meýdançasynda geçirilýändigi türkmen futbolçylaryny janköýerleriň goldawyndan mahrum etdi. Emma halkara ýaryşlarynda çykyş etmekde belli bir tejribesi bolan türkmenistanly futbolçylar ýeňiş gazanmak üçin yhlas etdiler. Öňde goýlan maksat Özbegistandan ýeňiş bilen dolanyp gelmekden ybaratdy.

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna

Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary! Mähriban türgenler!

Watanymyzyň abraýyna abraý goşan üstünlik

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda wekilçilik etjek Türkmenistanyň sport wekiliýetine iberen Ýüzlenmesinde şeýle sözler bar: «Sport ussatlarymyzyň we türgenlerimiziň halkara hem-de dünýä derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri jemgyýetimizde eziz Watanymyza bolan söýgini terbiýeleýär, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, mähriban türgenlerimiziň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna toý sowgatlary bilen geljekdiklerine, sportda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» atly şygary öňe sürýän eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesi hökmünde halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterjekdiklerine, şeýle-de türkmen sportuny Ýer ýüzünde şöhratlandyrjakdyklaryna uly ynam bildirýärin». Ine, hemmämiziň bilşimiz ýaly, olimpiýaçylarymyz Gahryman Arkadagymyzyň bu uly ynamyny abraý bilen ödemegi başardylar. Olaryň döwlet Baştutanymyza alkyşlarynyň, hoşallyklarynyň egsilmezdigine bolsa, 21-nji awgustda geçirilen türkmen türgenlerine hormatly Prezidentimiziň sylaglarynyň gowşurylyş dabarasynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek boldy.

Ildeşimiziň olimpiýa üstünligi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ajaýyp üstünlik, olimpiýa medalyny eýelän ildeşimize Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Ähmiýetli çäre Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan guraldy. Maslahata Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda hem-de guramalarda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy. Tokio Olimpiadasynda çykyş eden zenan türgenlerimiz hem-de tälimçilerimiz gyzykly çäräniň myhmanlary boldular.

Alkyş size, Arkadag!

Ahmet Saryýew, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy:

Altyna barabar medal

Olimpiýa oýunlarynda gazanan üstünligini nazarda tutup, Gahryman Arkadagymyz Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakdy, şeýle-de, paýtagtymyzyň «Parahat – 7» ýaşaýyş jaý toplumyndan üç otagly döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyny, awtoulag we pul baýragyny sowgat berdi. Bizem türgeniň hem-de onuň maşgalasynyň şatlygyny paýlaşmak, şeýle-de, olaryň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirmke maksady bilen, Gurýewalarda myhmançylykda bolduk. Bizi myhmansöýerlik bilen garşylan Swetlana Gurýewa täze jaýda taýýarlan toý tagamlary bilen hezzetledi. Saçak başyndaky söhbedimizi Polinanyň sport ýoly baradaky gürrüňleri bilen dowam etdik. – Polina, biz siziň ilki gimnastika bilen meşgullanandygyňyzdan, soňra agyr atletika geçendigiňizden habarly...