Olimpiýa oýunlaryndaky üstünlik

2 Sentýabr 2021
1039

halkymyzyň buýsanjyny hem-de Watanymyzyň abraýyny artdyrdy

Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan türkmen sportunyň wekillerini hormatlamak dabarasy geçirildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomuskyOlimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna iberen gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S. Berdimuhamedow okady.