«Ahal» AFK-nyň kubogynda çykyş etdi

30 Awgust 2021
850

«7/24.tm», № 35 (66), 30.08.2021.

Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» AFK-nyň kubogyndaky aýgytlaýjy oýna ykjam taýýarlyk gördi. Ýurdumyzyň öňdebaryjy topary Özbegistanyň çempionatynyň baýrakly ornunyň eýesi «Nasaf» bilen güýç synanyşdy. Duşuşygyň garşydaşymyzyň meýdançasynda geçirilýändigi türkmen futbolçylaryny janköýerleriň goldawyndan mahrum etdi. Emma halkara ýaryşlarynda çykyş etmekde belli bir tejribesi bolan türkmenistanly futbolçylar ýeňiş gazanmak üçin yhlas etdiler. Öňde goýlan maksat Özbegistandan ýeňiş bilen dolanyp gelmekden ybaratdy.

Çarymyrat GYLYÇMYRADOW,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.