Ronaldo «Ýunaýtede», Grizmann «Atletiko» dolandy

2 Sentýabr 2021
987

Bu ýy­lyň to­mus­ky trans­fer möw­sü­mi diý­seň gyz­ga­laň­ly ge­çip, uly trans­fer wa­ka­la­ry­na baý bol­dy. Dün­ýä­niň hä­zir­ki wagt­da­ky iň uly iki ýyl­dy­zy klub­la­ry­ny ça­lyş­dy. Mes­si 21 ýyl­lyk «Bar­se­lo­na» kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­lap, PSŽ bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Mes­si­den soň por­tu­ga­li­ýa­ly Kris­tia­no Ro­nal­do hem «Ýu­wen­tus­da­ky» ýol­daş­la­ry bi­len hoş­la­şyp, özü­ne il­kin­ji şöh­rat ga­zan­dy­ran klu­bu­na, ýag­ny «Man­çes­ter Ýu­naý­te­de» do­lan­dy. «Ýu­wen­tus­da» 3 ýyl­da 5 ku­bok ga­za­nan Ro­nal­do «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bi­len 2+1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Man­ku­ni­an­lar onuň trans­fe­ri üçin «Ýu­wen­tu­sa» 5 ýy­lyň do­wa­myn­da 15 mil­li­on ýew­ro, şol san­da Ro­nal­do­nyň gör­kez­jek ba­şar­ny­gy­na gö­rä, ýe­ne-de 8 mil­li­on ýew­ro tö­lär. 12 ýyl­dan soň «Man­çes­ter Ýu­naý­te­de» do­la­nan Ro­nal­do ýyl­lyk 30 mil­li­on ýew­ro go­laý hak alar.

To­mus­ky trans­fer möw­sü­mi­niň soň­ky gün­le­rin­de klu­bu­ny çal­şan di­ňe Ro­nal­do bol­man, esa­san hem soň­ky gü­nün­de, 31-nji aw­gust­da on­lar­ça fut­bol­çy tä­ze ýa-da ozal­ky to­par­la­ry bi­len şert­na­ma bag­laş­dy.