UEFA-nyň tä­ze ýa­ry­şy­nyň ilkinji möwsümi

2 Sentýabr 2021
1230

UEFA-nyň tä­ze dö­re­di­len li­ga­sy Ýew­ro­pa Kon­fe­ren­si­ýa li­ga­sy­nyň il­kin­ji möw­sü­mi­niň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. 32 klu­buň gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da to­par­lar 8 to­par­ça bö­lün­di. Bu ýa­ry­şa mil­li çem­pio­nat­la­ryn­da 6–7-nji or­ny eýe­län­ler, şol san­da Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň saý­la­ma tap­gyr­la­ryn­da şow­suz bo­lan klub­lar gat­naş­ýar. UEFA-nyň sa­na­wyn­da aşa­ky orun­lar­da bo­lan çem­pio­nat­la­ryň klub­la­ry­nyň has-da kä­mil­leş­me­gi üçin dö­re­di­len ýa­ry­şyň iň esa­sy to­pa­ry meş­hur tä­lim­çi Žo­ze Mou­ri­nio­nyň hä­zir­ki hem-de öň­ki klub­la­ry bo­lup, olar «Ro­ma» bi­len «Tot­ten­ham» to­par­la­ry­dyr. Şeý­le-de, il­de­şi­miz Gur­ban Ber­di­ýe­wiň tä­lim ber­ýän to­pa­ry «Kaý­rat» hem ýa­ry­şa gat­naş­ýar. «Ro­ma» «C», «Tot­ten­ham» «G» to­par­ça­da çy­kyş et­se, «Kaý­rat «H» to­par­ça­da «Ba­zel», «Ka­ra­bag» hem-de «Omo­nia» to­par­la­ry bi­len bi­je çe­kiş­di.

«Alaş­kert» (Er­me­nis­tan), «Bud­ýo-Glimt» (Nor­we­gi­ýa), «Flo­ra» (Es­to­ni­ýa), «Kaý­rat» (Ga­za­gys­tan), «Lin­koln Red Imps» (Gib­ral­tar), «Mu­ra» (Slo­we­ni­ýa), «Ran­ners» (Da­ni­ýa) hem-de «Union Ber­lin» (Ger­ma­ni­ýa) klub­la­ry il­kin­ji ge­zek UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da to­par­ça­lar­da çy­kyş eder. Şol bir wag­tyň özün­de Er­me­nis­tan­dan, Es­to­ni­ýa­dan hem-de Gi­bral­tar­dan bir klub UEFA-nyň ýa­ryş­la­ry­nyň to­par­ça­la­ry­na il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýar­lar.