Ýurdumyzda şanly sene giň gerimde dabaralandyrylar

1 Aprel 2024
351

Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Milli senenamamyza girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde Garaşsyz ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzasy boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ilatyň saglygyny goramak we oňa howp salýan faktorlary aradan aýyrmak, dünýäde ýaýran howply ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşi güýçli depginde dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek bilen onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalary ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşyp gelýär. Türkmenistan bu meseleleri çözmek boýunça halkara derejede goldanan başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi. Ýurdumyza halkara güwänamalarynyň ençemesiniň gowşurylmagy Türkmenistanyň üstünliklerine uly baha berilýändigine güwä geçýär.

Mälik SÄHETOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar