Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 3-nji ge­zek Dün­ýä­niň çem­pio­ny bol­dy

2 Sentýabr 2021
1055

Ke­nar­ýa­ka fut­bo­ly bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň paý­tag­ty Mosk­wa­da ge­çi­ri­len 21-nji Dün­ýä Ku­bo­gy ta­mam­lan­dy. Ýa­ryş­da Rus­si­ýa­nyň ke­nar­ýa­ka fut­bol­çy­la­ry çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, olar fi­nal­da Ýa­po­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan 5–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dylar. Rus­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Zems­kow (4), Kra­şe­nin­ni­kow (13, 34), No­wi­kow (15) hem-de Pa­po­rot­nyý (19) der­we­zä gi­riz­di. Ýa­pon­la­ryň iki go­lu­ny-da Aka­gu­ma öz ady­na ýaz­dyr­dy (13, 17 p). Şeý­le­lik­de, Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2011-nji we 2013-nji ýyl­lar­dan soň 3-nji ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy.

Bü­rünç me­dal ug­run­da­ky du­şu­şyk­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Se­ne­ga­lyň ýy­gyn­dy­sy­ny 9-7 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da Şweý­sa­ri­ýa­dan Ho­del, Se­ne­gal­dan Di­at­ta 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.