Bir asyrlyk senä bagyşlanan duşuşyk

30 Awgust 2021
953

«7/24.tm», № 35 (66), 30.08.2021.

Latwiýanyň futbol federasiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli ýerli oýunçylaryň futbol ýyldyzlary bilen ýoldaşlyk duşuşygynyň geçirilendigi baradaky habar Aşgabatda guralan halkara futbol ýaryşlary ýatlatdy. Şol ýaryşlarda dostlukly döwletleriň futbol klublary çykyş edýärdi. Yzygiderli ýaryşa gatnaşýan we netijeli çykyşlary bilen türkmen futbolçylarynyň söýgüsini gazanan klublaryň biri Riganyň «Skontosydy». Soňlugy bilen bu toparda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow çykyş edipdi. Ol hatda janköýerleriň söýgüsini gazanan oýunçy hem bolupdy.

Şöhrat ÝOMUDOW,
sport synçysy.