Ýaşlar – ýurduň gelejegi

3 Sentýabr 2021
1018

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Bu okuw sapagyna biziň zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimiziň hem talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýylyň dolýandygyny belledi. Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk alyp galkynan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygyň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady hökmündäki ähmiýetini aýratyn belledi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamynda-da uly ösüşler gazanylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerýän ýaşlar bu günki gün iri halkara ýaryşlarynda Döwlet tugumyzy belentde parladýarlar.

Guwanç REJEBOW,
Sport ussady, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.