Watanymyzyň abraýyna abraý goşan üstünlik

27 Awgust 2021
952

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda wekilçilik etjek Türkmenistanyň sport wekiliýetine iberen Ýüzlenmesinde şeýle sözler bar: «Sport ussatlarymyzyň we türgenlerimiziň halkara hem-de dünýä derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri jemgyýetimizde eziz Watanymyza bolan söýgini terbiýeleýär, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, mähriban türgenlerimiziň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna toý sowgatlary bilen geljekdiklerine, sportda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» atly şygary öňe sürýän eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesi hökmünde halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterjekdiklerine, şeýle-de türkmen sportuny Ýer ýüzünde şöhratlandyrjakdyklaryna uly ynam bildirýärin».

Ine, hemmämiziň bilşimiz ýaly, olimpiýaçylarymyz Gahryman Arkadagymyzyň bu uly ynamyny abraý bilen ödemegi başardylar. Olaryň döwlet Baştutanymyza alkyşlarynyň, hoşallyklarynyň egsilmezdigine bolsa, 21-nji awgustda geçirilen türkmen türgenlerine hormatly Prezidentimiziň sylaglarynyň gowşurylyş dabarasynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek boldy.

«Türkmen sporty».