Ildeşimiziň olimpiýa üstünligi

27 Awgust 2021
1157

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ajaýyp üstünlik, olimpiýa medalyny eýelän ildeşimize Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Ähmiýetli çäre Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan guraldy.

Maslahata Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda hem-de guramalarda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy. Tokio Olimpiadasynda çykyş eden zenan türgenlerimiz hem-de tälimçilerimiz gyzykly çäräniň myhmanlary boldular.

Läle ANNAMYRADOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.