UEFA Ýewropa ligasynyň täze möwsüminiň bijeleri çekildi. UEFA Ýewropa Konferensiýa ligasynyň esaslandyrylmagyndan soň, UEFA-nyň ikinji derejeli klub bäsleşiginde topar sany 48-den 32-ä düşürildi. Şoňa görä, 32 klub 8 toparça paýlandy. Angliýanyň «West Ham Ýunaýted» topary, şol sanda Ýewropa ligasy ady bilen geçirilip başlany bäri görkezijileri hasaba alanyňda, Daniýanyň «Brondbýu» topary-da ýaryşyň debýutantlary bolarlar. Ýewropa ligasynyň şu möwsüminde iň köp topar Fransiýadan gatnaşyp, 3 fransuz kluby ýaryşa wekilçilik ederler.
Ýaryşyň täze düzgünine laýyklykda, her toparçany birinji orunda tamamlanlar ýaryşy dowam etdirerler. Ikinji ýeri eýelänler bolsa, Çempionlar ligasynyň toparçalarynda 3-nji orny eýelänler bilen pleý-off oýnarlar.