Ro­nal­do — mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy

2 Sentýabr 2021
1163

Ka­tar 2022 Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň çä­gin­de Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da Ir­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny ka­bul et­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nuň 15-nji mi­nu­tyn­da ýyl­dyz oýunçy Kris­tia­no Ro­nal­do 11 metrlik jerime ur­gu­syn­dan ýer­lik­li peý­da­la­nyp bil­me­di. Bu onuň mil­li ýy­gyn­dy­da­ky dürs urup bil­me­dik il­kin­ji 11 metrlik jerime ur­gusy­dyr. Bi­rin­ji ýa­rym ta­mam­lan­man­ka, 45-nji mi­nut­da ir­land­lar Jon Ega­nyň go­ly bi­len öňe saý­lan­dy. Ýö­ne ruh­dan düş­me­dik por­tu­gal­lar 2-nji ýa­ry­myň ahy­ryn­da iki gol ge­çi­rip, ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Gol­la­ryň iki­si­ni-de 89-njy we 90+6-njy mi­nut­lar­da kel­le ur­gu­sy bi­len Kris­tia­no Ro­nal­do öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şeý­le­lik­de, 36 ýa­şyn­da­ky ýyl­dy­zyň mil­li ýy­gyn­dy­da ge­çi­ren gol­la­ry­nyň sa­ny 111-e ýe­tip, ol en­çe­me ýyl­lap 109 gol bi­len re­kor­dy özün­de sak­lan eý­ran­ly Ali Daei­den öňe saý­lan­dy. Şun­luk­da, Ro­nal­do mil­li ýy­gyn­dy­da iň köp gol ge­çi­ren fut­bol­çy re­kor­dy­nyň tä­ze eýe­si bol­dy. 180-nji du­şu­şy­gy­ny oý­nan Ro­nal­do bu ugur­da Ser­hio Ra­mo­syň Ýew­ro­pa­da mil­li ýy­gyn­dy­da iň köp du­şu­şyk ge­çi­ren fut­bol­çy re­kor­dy­ny gaý­ta­la­dy. Ro­nal­do ýe­ne-de 16 oýun­da meý­dan­ça çyk­sa, on­da ma­laý­zi­ýa­ly So Çin Anyň (1969—1984) 195 oýun­lyk re­kor­dy­ny tä­ze­lär.