"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Ylym — tükeniksiz hazyna

Her bir döwletiň ösüş depgini, halkyň ýaşaýyş derejesi, esasan, onuň ylym-bilim binýadynyň berkligine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň ylmy taglymatlary esasynda milli ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge, ata-babalarymyzyň mirasyny dünýä ýaýmaga, olary geljekki nesillere ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz», «Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr» diýip bellemek bilen, ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň tutýan ornuny pugtalandyrmak, ylmy-gözleg işlerini amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini durmuşa ornaşdyrmak üçin ähli şertleri döredýär. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde guramaklarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny» atly wideomaslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden wekiller sanly aragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Golaýda Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň guramagynda ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklarynyň, orunbasarlarynyň, öňdebaryjy işjeňleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň alnyp barlyşy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak ugrunda alnyp barylýan işler, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlar boýunça üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatyň dowamynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

Ýagşylyk ýoly — ýaşaýşyň ýörelgesi

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 29-njy martynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda döwletli Karara gol çekmegi watandaşlarymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Şeýle başlangyjyň hut milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülmegi ata-baba dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgäniň has täze röwüşde ýüze çykmasydyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen täze gazna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň bu gazna aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirmegi halkymyzyň arasynda haýyr-sahawat işiniň giň gerim almagyna badalga boldy. Ýagşy häsiýetleriň, makul edim-gylymlaryň hemmesi-de eý görülýär. Dogrusy, olaryň birini apalap, beýlekisini peslär ýaly däl. Üstesine-de, ýürekdäki ýagşy niýetden başlap, il nazaryny özünde jemleýän, uly-kiçiň alkyşyna, at-abraýa atarýan amallar, hereketler rysgal-berekediň artmagynyň esasy çeşmesi hasaplanýar. «Her bir ýagşy gylygyň öz şatlygy bolýar. Şol häsiýeti ýok adamlar ony duýup bilmezler» diýip, gadymy kitaplarda ýazylypdyr. Ynsanyň gowulygy hem, aslynda, gowy häsiýetleriniň möçberi bilen kesgitlenilýär. Ýagşy häsiýetleriňiz näçe köp bolsa, siz şonça-da gowy adamsyňyz.

Göwün garagumy küýseýär

(Soňy. Başlangyjy gazetimiziň 40-njy sanynda). Agtyjagy Humaýyň başga zat däl-de, ala-böle kitap soramagy Baýram agany ýene-de ýakymly duýgulara dolady. Asla-ha, Gülzada gelneje bilen ikisinden ösüp-örňän çagalar, agtykdyr çowluklar, tüweleme, bir syrgyn oba boluberjek. Iň uly ogullary Serdar inžener-gurluşykçy, onuň talyp ogly Didar her gezek teleýaýlymda saz çalanda, gulak gerip, on iki süňňi bilen galkyjyklaýan ata buýsanjyndan uçaýjak bolýar. Ondan kiçisi Şatlyk inžener-gidrotehnik, dört çaganyň kakasy. Gyzlary Oguljan şepagat uýasy, üç gyzyň ejesi. Ondan kiçi gyzlary Ogulşirin hem lukman. Üç çagasynyň içinde talybam bar, okuwçysam. Baýram aga diňe agtyklary däl, çowluklary Möwlamberdi, Mälik, Abraý, Sanjar, Humaý dagynyň hem iňlis, rus dillerini suwara bilşine monça bolýar. Birdenem: «Biziň türkmen dilimiziň gadyr-gymmatam kem däl-le» diýeninem duýman galýar. Munuň sebäbi ýadyna düşende bolsa heziller edip ýylgyrýar.

Garaşsyzlygyň gülleri

Ybraýymyň çaý içip mazasy bolmady. Daşardan gelýän şybyrdynyň has äşgär eşidilip ugramagy ýagşyň kiparlaman, barha gylaw alýandygyndan habar berýärdi. «Bir käse çaý içip-içmänkäň, menem gelerin» diýip giden gelni, ol-a bir käsemiş, bir çäýnek çaý içesi salym geçse-de, gözüni görkezmese näme? Ybraýym tarsa galşyna, bir bökende penjiräniň öňünde häzir boldy. Kimdir birine gürrüň berýän ýaly, buduna şapladyp urdy-da, diline bat berdi: «Serediň, onuň başyny galdyrman işläp durşuna! Gury çöpe ot berlen deýin tutaşan ýagyş onuň piňine-de däl. Çyplaň geýnipdir özem. Çyg endamyna şapba geçensoň-a, bilerem welin... ezilmänkä ýektaýyny elteýin». Onuň geregini tapyp, işigiň agzyna barany hem şoldy welin, durşuna ýylgyrma berlip, Gülsona öýe girdi. Onda bazardan sowgatly gelen kakasyny garşy alýan çaganyň begenji bardy.

Saglygym — baýlygym

Şu günler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ýolöten etrap bölüminiň meýletinçileri we işjeň agzalary etrapda gurlup, ulanylmaga berlen täze sport desgasynda geçirilýän sport çärelerine uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan «Sport ähli ösüşlere, sagdynlyga badalga» ady bilen kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň oýun görnüşi, ýokary synp okuwçylarynyň arasynda bolsa ýeňil atletika boýunça bäsleşikler geçirilýär. Bu sport bäsleşikleriniň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgesi, saglyk barada aýdylan atalar sözleri, şeýle-de, Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň alyp barýan ynsanperwerlik işleri barada söhbetdeşlikler guralyp, sowal-jogap alşylýar.

Sebitler durmuş-ykdysady taýdan ösdüriler

2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňländen soň, gowaça ekişiniň barşyny, daýhanlaryň zerur serişdeler bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegini üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmaga we bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns bermegiň, şu maksat bilen welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri

Energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek ýurdumyzyň energetika ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlar düzümi bilen geçiren taryhy duşuşygynda hem bu ugurda birnäçe anyk maksatlary kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz şol taryhy duşuşykda ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» kabul edilendigini belläp, bu ugurda hukuk esaslaryny berkitmek, kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Kanunyň kabul edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmagyň, energetikanyň düzümini kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň, energiýany tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna

Kiçi telekeçilige amatly mümkinçilikler

Önümçilik pudagyny ösdürmegiň iň kämil nusgalarynyň biri hem karzlaşdyrma bilen baglydyr. Dürli görnüşli karz serişdeleriniň hasabyna senagat, oba hojalyk, söwda ulgamlary, şeýle hem, giňeldilen üznüksiz önümçilik işleri maliýeleşdirilýär. Durmuşa gönükdirilen häzirki bazar ykdysadyýetinde çekilen karz serişdeleriniň hasabyna maýanyň gaýtadan paýlanylmagy, önümçiligiň üznüksiz alnyp barylmagy, pul dolanyşygynyň tizligi üpjün edilýär, pudaklaryň düşewüntliligi ýokarlandyrylýar. Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň iş tejribesinde diňe bir ýuridiki taraplar däl, eýsem, dürli görnüşli önümçilik (oba ýerlerinde ýaşaýan ilatyň ekerançylyk, balykçylyk, maldarçylyk, guşçulyk; şäher ýerlerinde ýaşaýan ilatyň, esasan hem, gaplama hyzmatlary, daşama hyzmatlary, tiz tagam hyzmatlary, tikinçilik, nou-hau we ş.m.) işini alyp barýan şahsy taraplaryň sany hem barha artýar. Şeýle görnüşli önümçilikleriň giňden ýaýramagynyň döwlet üçin bähbitli taraplaryna ýurtda azyk garaşsyzlygyny hem-de hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň köpdürlüligini döretmek, bäsdeşlik esasynda bahalaryň elýeterliligini üpjün etmek, ýurtda işsizligi azaltmak we beýlekiler degişli edilýär. Ýurtda kiçi möçberdäki önümçilikleri alyp barmaga şert döretmegiň esasy aýratynlygy hem raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek bolup durýar.

Aşgabadym — göwün şadym

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet derejesinde uludan tutulýan toý-baýramlaryň ikisini bu ýyldaky şanly wakalaryň iň esasylarynyň hatarynda durýar diýip arkaýyn aýdyp bileris. Çünki gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýy halkymyzyň, şeýle-de, döwletimiziň beýik taryhy ösüşleriniň baýramy bolup, Berkarar döwletimizde bagtyýarlyk döwrümiziň owazyny äleme ýaýar. Şu günler halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda belleniljek bu toýlara giňden taýýarlyk görýär.

Garaşsyzlyk — röwşen geljegiň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejeleriniň sazlaşykly ösdürilmegi döwletimiziň halkara jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň halkymyzyň gadymy ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýandygy çuň manyly beýan edilýär. Kitapda bu asylly ýörelgeleriň halkymyzyň we döwletimiziň röwşen geljegine ýol salýan gymmatlyklardygy nygtalýar. Garaşsyzlyk baýramy türkmen halkymyz üçin mukaddeslik derejesine eýe bolan milli baýramlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň beýik taryhy mirasynyň, medeniýetiniň, däpleriniň, dünýägaraýşynyň hem-de durmuş ýörelgeleriniň, millilige, ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan milli baýramlarymyzyň gözbaşynyň tereňligidir, müdimiligidir» diýip belleýär. Bu baýram halkymyzyň üstünlikleriniň ylham çeşmesidir. Garaşsyzlyk halkymyzyň geçmişini, şu gününi we geljegini berk baglaýan düşünjedir. Ol ata-babalarymyzyň ençeme asyrlap özbaşdak döwlet gurmak hakynda eden arzuw-islegleriniň durmuşa geçirilmesidir.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Sarahs etrabynyň 12-nji çagalar bagynda wagyz-nesihat çäresi geçirilip, oňa terbiýeçiler hem-de körpeler gatnaşdylar. TDP-niň Sarahs etrap komiteti tarapyndan guralan çärede ýokanç kesellerden goranmagyň esasy serişdesi bolan arassaçylygyň talaplaryny berk berjaý etmek, çagalar bagynyň otaglarynda zyýansyzlandyryş işlerini yzygiderli geçirmek, otaglaryň howasyny ýygy-ýygydan çalyşmak, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň kadalary hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhemlik içgileriň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi.

Ylmy-amaly maslahat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 5-nji aprelinde S.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş Merkeziniň mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasy, S.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş Merkeziniň Gulak, burun, bokurdak keselleri bölümi bilen bilelikde gurady. «Otorinolaringologiýadaky özgertmeler, onuň geljegi we meseleleri» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahata lukmançylyk ugrundan professor-mugallymlar, talyplar we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. «Bütindünýä Saglyk güni» mynasybetli guralan ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň lukmançylygyny ösen derejelere ýetirmek babatda alnyp barylýan işler, gulak, burun, bokurdak kesellerini bejermekde gazanylan öňegidişlikler barasynda giňişleýin durup geçdiler. Il saglygynyň ýurt baýlygyna deňelýän döwletimizde adam saglygyny goramakda hem dikeltmekde döredilen giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna sagbolsun aýtdylar.

Sazlaşykly ösüşleriň binýady

Sanlylaşdyrma milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm ugur bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan parasatly başlangyjydyr. Milli Liderimiz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly, ata Watanymyzyň ösüşlerini has-da güýçlendirmegi, halkymyzyň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanmagy we ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmagy möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda zerur işler güýçli depginde durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, sanly tehnologiýalardan baş çykarmagy öwretmek maksady bilen, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde degişli dersler girizildi. Munuň özi talyp ýaşlaryň çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrümiziň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi babatda uly mümkinçilikleri hödürleýär.

Mukaddesligiň beýik nusgasy

Ynsanyň mähriban balasynyň ilkinji eşidýän aýdymy — ene hüwdüsi. Ene hüwdüsinde tükeniksiz mähir, söýgi, ylham bar. Ol beýik sungat eseri. Hakyky sungat bolsa garramaýar, ýitmeýär. Eneler — beýik sungat eserini döredijiler. Olar mukaddesligiň beýik nusgasy. Eneleriň kalbymyza guýýan mähri, ysnyşykly gatnaşyklary, göreldesi, aýdym-sazy dünýämizi nurlandyrýar. Eneler hakyndaky eserler dünýäde baky ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri hem halkymyzyň arasynda söýgi bilen okalýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu eserinde «Ene dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi» diýip bellenilýär.

Asylly işlere mynasyp goşant

Şu ýylyň 19-njy fewralynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimize «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berlipdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen maksatnama boýunça birnäçe öwüt-ündewlerini bermek bilen, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmegiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap ulgamyny döretmek boýunça birnäçe işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şolaryň hatarynda welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak hem-de welosiped ýodalaryny çekmek, welosiped bejerýän ussalary taýýarlamak, seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän nokatlaryny açmak hem bellenilipdi. Ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçiler hem hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanyp, eziz Watanymyzda ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere önjeýli goşant goşýar. Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenip geçilýär. Biz hem ynsan saglygy we ekologiýa üçin peýdaly ulaglary — welosipedleri kireýine bermek, bejermek we ideg etmek boýunça hyzmatlary hödürleýän «Uçgu

Seýdiniň galasynyň ýanynda

Mundan kyrk iki ýyl ozaldy. Gazetiň şol wagtky baş redaktory Kakaly Berdiýew ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: — Senem diňe redaksiýada oturma-da, eýläk-beýläk çyk. Adamlar bilen duşuş. Göwnüň açylyşar. Daşoguz, Lebap welaýatlaryndan täsirli makalalar az. Omar Sähetgylyjy ýanyňa al-da, şu welaýatlaň birine baryp gel. Bir hepde ýeter. Üýtgeşik zatlar gözüňde bolsun! Indiki hepde ýola düşüberiň...…

Taryhy baý Daşrabat

Şöhratly geçmişimizde halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösmegine ýetiren täsiri, nesillere galdyran taryhy gymmatlyklary bu günki günde ylmy taýdan yzygiderli öwrenilýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz bize döwlet muzeýlerinde wirtual muzeýleri döredip, sanly ulgam arkaly halkymyza ýetirmäge, şeýle-de, dünýä çykarmaga ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän, türkmeniň baý taryhyny şöhlelendirýän medeni taryhy ýadygärlikleriň sanawynyň içinde Mary şäheriniň günbatar çetinde ýerleşýän Daňdanakan medeni taryhy ýadygärligi özüniň täsin gymmatlyklary bilen uly ähmiýete eýedir.

Iň köp gürlenýän diller

«Dünýäde iň köp gürlenýän diller haýsy?» diýip soralsa, dessine «Iňlis, rus dilleri» diýip jogap bermegimiz mümkindir. Sebäbi bu diller hakynda biz ýygy-ýygydan eşidýäris. Emma bu olaryň dünýäde iň köp gürlenýändigini aňladýarmyka beri?! Ynha, bu welin oýlandyrýar. Şu pikir bilen internet maglumatlaryna ýüzlendim. Görüp otursam, ýokarda ady agzalyp, iň köp gürlenýän dillerdir diýip çaklap aýdanlarym dogry çykdy, ýöne olar sanawda yzrakky orunlardan ýer alan eken. 1. Dünýäde iň köp gürlenýän dilleriň kerwenbaşysy hytaý dili. Bu dilde dünýä ýüzündäki adamlaryň altydan biri gürleýär.

Ene süýdüniň ähmiýeti

Çaganyň dünýä inip, ösüp, bütin ömrüne sagdyn bolmagy üçin ene süýdüniň ähmiýeti örän uludyr. Ene süýdi çaganyň beden we akyl taýdan kadaly ösmegi üçin iň ýokumly serişdedir. Ol çaganyň bedeniniň kesellere garşy durnuklylygyny — immunitetini berkidýär.