"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Mermer şäher — Aşgabat

Aşgabadyň goýnunda geçirýän ajaýyp günlerimiň her biri öz talyplyk ýyllarymyň ýakymly ýatlamalary bilen kalbymda aýratyn orun alýar. Okuwa girenim ýaňy ýalydy, eýýäm okuwymyň üçünji ýylyny tamamlap barýan. Wagt edil ula goýberilen bedew ýaly töweregine seretmän, uly tizlik bilen çapyp barýar. Şeýle pursatlarda kalbyňda dörän ylhamy eliňe galam alyp, joşgunly beýan etseň, ajaýyp eser öz-özünden döreýän eken. Hawa, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan taýýarlyk çärelerini görmek buýsandyrýar. Aşgabadyň geçen taryhy ýoly barada dörän gyzyklanma, onuň taryhda eýelän uly ornuny düýpli öwrenmegime sebäp boldy. Şeýlelik bilen, bu barada maglumat ýygnamak üçin Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndaky taryhy kitaplara salgylanmaly boldum. Şeýdip, döwlet kitaphanamyza gatnap ugradym.

Saglyk başlara täç bolsun!

Bezeg daşlarynyň adam bedenine ýetirýän täsiri Ametist daşy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmakda sanly ulgamyň ähmiýeti

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bolan islegleriň artmagy, daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan «Ýaşyl» tehnologiýalary ýurdumyzda ornaşdyrmak maksady bilen, elektrik energiýany ýel elektrik stansiýalaryň hasabyna öndürmäge uly üns berilýär. Türkmenistanda Günüň hem-de ýeliň energiýasyny ulanmak babatynda ýurduň oňyn şertleri bar. Soňky ýyllarda Türkmenistan bu ulgamda halkara guramalary bilen tejribe alyşmak we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Ýel elektrik stansiýalarynyň ygtybarly we netijeli işlemegini üpjün etmek üçin taslamany işläp düzmekde bildirilýän gurnama iş kadalaryny berjaý etmek zerurdyr. Sarp edijileri elektrik energiýa bilen üpjün etmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, ýagny ýeliň energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmekde ýel elektrik stansiýalaryndan peýdalanmagyň we ony gurnap, işe goýbermegiň derejesi çylşyrymly alamatlara baglylykda saýlanylyp alynýar. Wajyp hasaplanylýan alamatlaryň biri-de, ýel gorlarynyň energiýa potensialy we onuň wagta görä üýtgemesi, gurnaljak ýerdäki kuwwata, energiýa bolan zerurlyk, elektrik üpjünçilik ulgamynyň ygtybarlylygyna bildirilýän talaplar, elektrik üpjünçilik ulgamynyň tehniki-ykdysady görkezijileri degişlidir.

Howpsuz iş şertleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bilen ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi has-da belentliklere galdy. Mähriban Prezidentimiz: «Öz hataryna bir milliondan hem gowrak agzany jemleýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi berkitmekde, raýatlarymyzyň döredijilik işjeňligini ösdürmekde, agzalaryň zähmet hukuklarynyň hemişe goragynda bolmakda asylly işleri alyp barýar» diýmek bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleri giňden wagyz etmekde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň hem öňünde uly wezipeleriň durýandygyny nygtaýar.

Ösüşleriň binýady berkeýär

Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, 12-nji aprelde ýurdumyzyň iri banklarynyň — Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze edara binalarynyň açylyş dabaralary boldy. Bu binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi raýatlarymyza täze, döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemäge, hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. Bizem şeýle şatlykly pursatlarda bank ulgamynyň hünärmenleriniň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik. Göwher ORAZOWA, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň jemgyýetçilik aragatnaşygy we ýazgy bölüminiň baş hünärmeni:

Aýlaryň soltany — remezan

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip gelen asylly ýörelgeleri rowaçlyklara beslenýär. Ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dost-doganlygy, dogruçyllygy we päkligi ebedi ýol-ýörelge edinen halkymyzyň beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde aýratyn sarpa goýýan Remezan aýynyň ýetip gelmegi kalbymyza şatlyk, ylham-joşgun paýlap, ata Watanymyzda täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrýar. Oraza aýy gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn möhüm orun eýeläpdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Bagtymyzyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyz özüniň jöwher paýhasyndan dörän «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy halkymyzyň durmuşynda möhüm çelgidir. XX asyryň ahyrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen türkmeniň azatlyk, bagtyýar durmuş hakyndaky asyrlarboýy eden arzuwlary hasyl boldy» diýip, çuňňur parasatlylyk bilen belleýär. Bu günki gün akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy» diýip arzuwlan Garaşsyz hem baky Bitarap türkmen döwletiniň abraý-mertebesi barha belende galyp, ynsanperwerlik nuruny dünýä çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna bedew batly ösüşlere eýe bolup, uly üstünlikler bilen dabaralara beslenip barýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýyl hem eziz Diýarymyzy şan-şöhrata besleýän ýyllaryň birine öwrülýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän başlangyçlaryň bütin dünýäde giňden goldawa eýe bolýandygy hem aýdyň görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň umumadamzat ähmiýetlidigin

Türkmenistanyň Medeni diplomatiýasy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda özara hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek bu hyzmatdaşlygyň binýatlyk many-mazmunyny düzýär. 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak barada» Konwensiýasyna goşuldy. Bu Konwensiýanyň çäklerinde ýurdumyzda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olardan 1999-njy ýylda ilkinji gezek gadymy Merw taryhy-arheologik ýadygärlikler toplumynyň, 2005-nji ýylda Köneürgenç ýadygärlikleriniň we 2007-nji ýylda Nusaý galalarynyň bu guramanyň Adamzadyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini mysal hökmünde ýatlap geçmek bolar.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. «Aşgabat — Garaşsyz döwletimiziň merjen şäheri» atly bu maslahat «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna hem-de gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa professor-mugallymlar, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylan ösüş-özgerişler, bagtyýarlygyň hem gözelligiň şäheri bolan Aşgabadymyz, türkmenistanlylaryň durmuş-zähmet goraglylygy, sagdyn jemgyýeti gurmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Il-ýurdumyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän irginsiz aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna sagbolsun aýtdylar.

Buýsanjym — ak paýtagtym

Gahryman Arkadagymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň ýatda galyjy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni dowam edip, halkymyz baradaky alada ýugrulan beýik işleri durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan bu taryhy işleriň netijesinde ak mermerli paýtagtymyz dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Bu gün paýtagtymyzyň çäkleri giňeldilýär, adamlaryň ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek maksady bilen, täze orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglarynyň, muzeýleriň, hassahanalaryň, sport desgalarydyr söwda merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu döwrebap binagärlik toplumlarydyr beýleki dürli desgalar türkmen paýtagtynyň görküne görk goşýar.

Görkünde göz eglener

Zenan maşgala eden işiniň nepisden owadan bolmagyny isleýär. Zenanlarymyzyň mähir-yhlas siňdirip döredýän ajaýyp milli mirasy bolan keçeleri synlanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Çeper ellerde sünnälenip kemala getirilýän, ýylysy ýakymly keçelerimiz zenan kalbynyň syrlar hazynasy bolup görünýär. Ol — öýleriň, toýlaryň bezegi, ene-mamalarymyzyň, gyz-gelinlerimiziň çeper elliliginiň güwäsi. Keçeleriň döreýiş taryhynyň çuňlugy hakynda ejem jan kän zatlary gürrüň beripdi. Ejemiň ussatlygyndan nepislik bilen kemala gelýän keçeleri synlap, şol wagtlar bu hünäriň diýseň inçeligini göz öňüne hem getirmändiris. Keçäniň ýüňüni saýlap almak, ýuwup-arassalamak, güllügini, ýüzlügini, gyragaralygyny taýýarlamakdan ötri, ony güllemek, çekmek, basmak ýaly köpçülik bolup ýerine ýetirilýän işler uly zähmetdir yhlasy talap edýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda keçelerimize ýokary baha berip: «Türkmen keçesi müňýyllyklaryň dowamynda atalarymyzyň ruhy dünýäsinde hem-de halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýär. Gadymy zamanlarda ata-babalarymyz näsaga ýabany haýwanlaryň güýç-kuwwatyny bermek üçin ony keçä ýa-da hala dolar ekenler. Ýüňüň şeýle jadyly güýjüne ynanmak şu günlere çenli saklanyp galypdyr we şindem çaga sallançagyna kilim, keçe ýa-da haly düşemek dowam edip gelýär. Gadymy ynanja görä, keçe bela-beterleri, erbet garaýyşlary özüne siňdirýärmiş, gözden-dil

«Kim çopan, kim sürekçi, kim daýhan, kim ekinçi?»

Ýaşuly adamlaryň biri ýokarky jümläni aýtdy welin, men ony heniz eşitmedik nakyllarymyň birimikä öýtdüm. Ömrüni çopançylykda geçiren goja ýaňky sözüň manysyny tirmäge howlugýanymy aňyp, özüniň çopançylyga baş goşup başlan günlerinden söz açdy: — Çopançylyga ilki başlan günüm Sary aga meni aý berip, käsi gäwüş çalyp ýatan, käsi dik duran goýun sürüsiniň ýanyna eltdi-de: «Çopan bolmaga geldiňmi ýa-da sürekçi?» diýip sorady. Men çopan bolmak isleýändigimi aýdamda, ol: «Çopan boljak bolsaň, goýnuň ýüzüne seredeniňden onuň halyny bilmegiň gerek. Sürekçi (hakyna tutulýan mal sürüji) boljak bolsaň, onda bu zatlaryň geregi ýok» diýdi. Soňam: «Hol garabaş goýun ýataklap, guzlajak bolup dur. Hol çebşiň wagtyhoşlukdan böwregi bökýär, oýun edesi gelýär. Hol maşal goýun bolsa, dişi kütelensoň, garyn çöpüni alyp bilmändir» diýip, goýunlara ýeke-ýeke häsiýetnama berip başlady. Yzyndanam: «Indi çopan bilen sürekçiniň parhyna göz ýetirdiňmi?» diýdi.

Gabanjaň kepderiler

Men çagakam goňşymyz kepderi saklaýardy. Şol döwürden meniňem kepderilere mährim gidip, «Mende-de şeýle akja kepderiler bolaýsa» diýip arzuw ederdim. Ine, bir gün heniz-henizler amala aşaram öýtmedik şol arzuwym hasyl boldy oturyberdi. Bilmedim, her günde goňşymyzyň kepderlerini gözügidijilik bilen synlap ýörenime dözmedimi ýa-da özüniňem goňşymyzdan kem galasy gelmedimi, garaz, bir gün kakam bir tarapyna tor çekilen içi bäş sany akja kepderili gutyny alyp geläýdi. Gözlerini ýyldyradyşyp oturan kepderileri görüp, begenjime güni bilen olaryň töwereginden aýrylmadym. Kakam olara ketek ýasanda eline iş ýetirmän, köp işi özüm etdim. Ana, şol gündenem men özbaşdak kepderili adam boldum. Okuwdan boş wagtym bar işimem, aladamam şol kepderilerim bolaýdy. Günde bilenim-bitenim şol kepderilerim bolansoň, menem olara şeýle bir öwrenişipdirin, soňabaka olaryň her bir hereketinden näme isleýänini bilip başladym. Olaram meniň aladalarymy duýandyr-da, asmana uçuranymda meniň göwnümi tapjak bolşup, baý, aşyr atyp oýun edýärler-ä. Ýere düşensoňlaram, «Tansymyz göwnüňden turdumy?» diýýän ýaly gugurdaşyp, daşymdan pyr-pyr pyrlanýarlar. Menem olary ýeke-ýeke aýama mündürip, hoşallygymy bildirýärin. Ine, şeýdip az wagtdan kepderilerim bilen bagrym badaşan ýaly bolaýdym. Olaram meň bilen kemsiz öwrenişip gitdiler. Özlerem ýylba-ýyldan köpelýärler. Menem olaryň köpelenine begenýärin. Begenmez ýalymy,

Amulyň taryhy

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeni mirasymyzy, sungatymyzy, taryhymyzy düýpli öwrenmek we gorap saklamak, dünýä ýaýmak babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäklerinde geçen zaman siwilizasiýalarynyň, halkymyzyň gadymy medeniýetiniň alamatlaryny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikler barmak basyp sanardan kändir. Olaryň hatarynda gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abiwerd, Dehistan, Amul ýaly özünde taryhymyzyň uzak döwürleriniň medeniýetini jemlän, öwrendigiňçe täze-täze taryhy maglumatlary bilen haýrana goýýan gadymy medeniýetiň ojaklary hem az däl.

Kadaly we dogry iýmitlenmek

Adam bedeniniň sagat bolmagy üçin esasy zatlarynyň biri-de kadaly we dogry iýmitlenmekdir. Kadaly iýmitlenmek — sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy düzümi. Adam dogry iýmitlenmegi netijesinde onuň saglygy berkäp, beden fiziki taýdan taplanýar. Gije-gündiziň dowamynda kabul edilýän iýmitiň üsti bilen bedene zerur önümler ýetmese, bedeniň ösüşi, madda çalşygynyň ugurlarynyň işi bozulýar. Kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagy üçin kabul edilýän iýmite aýratyn üns berilmeli, sagdyn iýmit düzümi düzülmeli. Miwe we gök önümlerini köpräk iýmeli, witamine baý bolan iýmitleri hem yzygiderli kabul etmeli.

Asylly däbe görä

Ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu baýram uly mana eýe boldy. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şanly seneler, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler ildeşlerimizi bagtyýar ýaşaýşa, döwletimiziň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň öndürijilikli zähmet çekip, kalplarynyň joşmagyna ruhlandyrýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegine üns berlip, bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini giňden wagyz etmäge, dürli ýaşdaky adamlary sporta çekmäge uly ähmiýet berilýär. Saglyk gadymy döwürlerde-de, häzirki döwrümizde-de adamzat durmuşynda iň uly baýlyk hasaplanylýar. Bu baýlyga eýe bolan türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimize bolan alkyşly sözlerinden ýürekleri doludyr.

Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalanýar

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Saglygy goraýyş ulgamynda täze sepgitler

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürilen täze tiz kömek dikuçaryny gözden geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasyna geldi.

Sag başym — soltan başym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglyk ulgamynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, şeýle-de, saglygy goraýyş pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde alnyp barylýan tutumly işler ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň möhüm bölegidir. Hut şu wezipeler bilen baglylykda hem lukmançylyk hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek, lukmançylyk ylmyny we bilimini ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkarar etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň fewral aýynyň 25-ne Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda: «Eger zerur bolsa, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän ýörite kanunlary kabul etmeli. Şeýle etmek bilen, biz sagdyn jemgyýeti kemala getirip bileris» diýip, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde anyk wezipeleri kesgitledi.