"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Milli gymmatlyklarymyza sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem Türkmen alabaýynyň baýramynyň ýokary ruhubelentlikde, giňden we dabaraly bellenilmegi halkymyzyň döredijilik ylhamyny joşduryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz gadymy milli mirasymyzy, onuň deňsiz-taýsyz gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge, halkara derejesinde doly ykrar edilmegine döwlet syýasatynda uly orun berýär. Ýurdumyzda behişdi bedewlerimiz bilen bir hatarda milli itşynaslyk mekdebiniň iň oňat däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi, halk seçgiçiliginiň usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaýlaryň köpeldilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler giň gerimde dowam etdirilýär.

Ak şäherim Aşgabat!

Watanymyň paýtagty,Eçilýäň bize bagty,Gijeleň nurly, ýagty,Ak şäherim Aşgabat! Eredi daglaň gary,Joşýar ýüregmiň tary,Barýarsyň bagta sary,Ak şäherim Aşgabat!

Bol pile ugrunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýüpekçilik pudagy döwrebap ösdürilýär. Piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak üçin edermen pileçilerimiz arman-ýadaman zähmet çekýärler. Biz hem golaýda Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginiň Gyzylaýak obasynda ussat pileçileriň biri Akmuhammet Karlyýew bilen söhbetdeş bolup, onuň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdyk:

Edebiýat

Jelaleddin Rumynyň (1207 — 1273) pars dilinde ýazan «Mesnewi» diwanyndan (5-nji jilt, 2940 — 2945-nji bentler). * * *

Goşgular çemeni

Waspyň dilde dessan, bedew! Hakyň yşky halatyňda,Günüň nury kamatyňda,Ýyllaň bady ganatyňda,Waspyň dilde dessan, bedew!

Milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasy

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirip, nesillere miras galdyran gymmatlyklarynyň hormatyna bagyşlanyp, ýokary derejeli dabaralar, bäsleşikler we maslahatlar Watanymyzyň çar ýanyny gurşap aldy. Düýn paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylmagy hem ildeşlerimiz üçin özboluşly baýramçylyk sowgady bolup, halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimize hem-de wepaly dosty bolan edermen alabaýlarymyza goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyşyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, degişli assosiasiýalaryň wekilleri gatnaşdy. Täze binanyň mejlisler zalynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidenti S.Berdimuhamedow çykyş edip, oň

Asylly ýörelgeleriň aýdyň beýany

Dosty dogan saýyp, ähli halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak türkmeniň süňňüne siňen asylly ýörelgeleriň biridir. Ata-babalarymyzyň nusgalyk ýörelgelerini baýdak edinen Garaşsyz Türkmenistan özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ilkinji gününden bäri dünýäniň çar ýanyndaky döwletler bilen ygtybarly hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Dostluk — asylly ýörelge» diýen bölüminde hem dost-doganlyk gatnaşyklary barada gymmatly maglumatlardyr gyzykly tymsallaryň ençemesi beýan edilýär. Şolaryň arasynda Köýtendag sebitlerindäki Abdyllahan galanyň gurluşygy baradaky rowaýat aýratyn ünsüňi çekýär. Rowaýata görä, Abdyllahan ýaş wagtynda onuň kakasy: «Oglum, raýatlaryň arasyna gidip, özüňize rabat guruň. Rabat hemmä gerek» diýip nesihat edýär. Abdyllahan hem ýurt gezip, baran ýerinde birnäçe galalary gurdurýar. Emma Köýten galasy gurlanda, gurluşykçylar onuň badyny gaýtarmak üçin galanyň ýerzemininde şemal geçer ýaly, iki sany yş goýupdyrlar. Yşyň agzynda uly küýze ýerleşdirip, güňleç ses çykar ýaly edipdirler. Gala gurlup gutarylanda, Abdyllahan ony görmäge gelip

Halk bähbitli özgerişler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralary halkymyzyň taryhynda ebedilik orun aljak şanly wakalar bilen utgaşýar. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi hem-de kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy bütin halkymyzyň ruhuny belende göterip, täze üstünliklere besledi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça giň gerimli özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünlikler gazanylýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda orun aldy. Eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny arşa göterýän hem-de jemgyýetimizi beýik maksatlaryň ýolunda birleşdirýän giň gerimli işleriň sanasaň sogaby kän.

Döredijilik duşuşygy

Halypa-şägirtlik gatnaşyklary hünär kämilligini gazanmagyň esasy şertleriniň biridir. Halkymyz islendik kesp-käriň inçe syrlarynyň özleşdirilip, onuň täze derejä çykarylmagy üçin halypa bilen şägirdiň arasyndaky ysnyşykly gatnaşygyň möhümdigini tassyklaýan köp sanly paýhasly pentleri hem-de ertekilerdir rowaýatlary döredipdir. Bu günki gün hem şeýle gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berlip, ýörite meýilnama esasynda halypa ýazyjy-şahyrlar bilen ýaşlaryň arasynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli guralýar. Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Halkymyzyň milli gymmatlyklary — ylham çeşmesi» diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli gymmatlyklarynyň öwrenilişine, ösdürilişine we bütin dünýäde wagyz edilişine bagyşlanan döredijilik duşuşygyna halypa şahyrlar, ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallaryň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Halypalaryň köpýyllyk iş tejribesiniň, hususan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerine we daşary ýurtlara bolan iş saparlarynyňdyr syýahatlarynyň dowamynda göz ýetiren durmuş hakykatlarynyň esasynda ildeşlerimiz hem-de daşary ýurtlular tarapyndan türkmen halkynyň medeni mirasyna, maddy we ruhy gymmatlyklaryna goýulýan belent sarpany tassyklaýan çykyşlar täsirliligi bilen tapawutlandy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eşretli zamanamy

Türkmen alabaýy

Görkün görseň gözüň ganar, gahry gelse şirdemlidir,Gaba kelle, kelte aýak, ýasy döş, giň gerdenlidir,Howalasyn Arşdan alan, agraslygy ýerdenmidir?!Edermendir, edenlidir, merdem türkmen alabaýy. Wepalydyr öý-ojaga, iýen duzun haklar mydam,Bir döwüm nan-owkat berseň, öýüň aman saklar mydam,Janly-jandarlaň içinde şondan ýakyn dost barmykan?!Syrdaşdyr adam ogluna, her dem türkmen alabaýy.

Ekologiýa arassalygy — jemgyýetiň sagdynlygy

Bu günki gün ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, aýawly saklamak, ekologiýa diplomatiýasyny dabaralandyrmak esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Adam saglygyna täsir edýän arassaçylyk biziň jemgyýetimizde has-da möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tagallasy netijesinde bu möhüm ähmiýetli mesele boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäklerinde ösdürilip ýetişdirilýän arçalar we beýleki agaç nahallary howanyň tämizligine öz täsirini ýetirýär. Daşky gurşawyň arassaçylygy bilen bagly ýerine ýetirilýän işlerde türkmen ýaşlarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygy has-da buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we onuň agzalary bu işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar işden boş wagtlary paýtagtymyzda we onuň çäklerinde agaç nahallaryny oturtmak boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Suwaryş, ekiş işlerinde ýaşlarymyzyň ruhubelentlik bilen zähmet çekmekleri ýurdumyzyň ekologiýa arassaçylygyna, daşky gurşawyň abadançylygyna uly ýardam edýär.

Bagt sen, Aşgabat!

Keramat, kerem sen, köňülleň köşgi,Ak şäherim, sende aşyklaň yşky!Asuda, abadan döwrümiň keşbi,Nurana, owadan durk sen, Aşgabat! Dünýämize dolmuş bagt sen, Aşgabat!Ýurdum gülleýän bag, sen erkana guş,Bagtyň kepderisi baglarňa gonmuş,Günler gülüp baksyn, ýylgyrsyn durmuş,

Aşgabat — berkarar döwletiň nurana keşbi

Ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Paýtagtymyz günsaýyn gözelleşip, dünýäniň ajaýyp şäherleriniň hatarynda orun eýeleýär. Paýtagt — ýurduň tuwagy, onuň gürsüldäp urýan ýüregi. 1881-nji ýylda esaslandyrylan Aşgabat şäheri 140 ýylyň dowamynda düýpli özgertmeleri başdan geçirdi. Gözel paýtagtymyzda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeleri, giň gerimli işleri ýaýbaňlandyrmak, sebit we dünýä derejesinde Aşgabat şäheriniň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Aşgabat şäheriniň güni döredildi. Ýurdumyzyň ýüregi saýylýan Aşgabat we onuň ençeme binagärlik toplumlary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary, binalary, seýilgähleri, milli görnüşli suw çüwdürimleri onuň gözelligini goşalandyrýar. Häzirki zaman innowasiýalar ýurdumyzyň ähli ugurlarynda — inžener-tehniki we hojalyk desgalaryndan başlap, durmuş-ykdysady, bilim hem-de medeni ulgamlarynda ulanylýar. Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat myhmansöýerligiň, parahatçylygy döredijiligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda ykbal çözüji kararlar kabul edilýär, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli möhüm wakalar bolup geçýär. Amala aş

Behişdi bedewleriň bäsleşikleri

Halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimiziň milli baýramy mynasybetli her ýylda at çapyşyklaryny, atly sport ýaryşlaryny we gözellik bäsleşiklerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. 19-njy aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň konkur görnüşi boýunça bäsleşik geçirilip, onuň nobatdaky tapgyrynda türgenleriň 14-si öz bedewleri bilen çykyş etdiler. Bäsleşigiň geçirilen ýerinde atly sportuň muşdaklarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar täsirliligi bilen tapawutlandy. Tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreden bäsleşigiň birinji tapgyrynda bedewler 1,10 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 12-sinden böküp geçmek boýunça bäsleşdiler. Ikinji tapgyrda bedewleriň 10-sy 1,20 metr beýiklikdäki päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşdi. Çekeleşikli geçen üçünji tapgyra gatnaşan bedewler 1,30 metr beýiklikde kesgitlenen päsgelçilikleriň 8-sinden geçip, onuň netijesinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýew Altynhan atly bedewi bilen birinji orny eýelemegi başardy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Seýitymam Seýidow Akgala atly bedewi bilen ikinji, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň türgeni Annadurdy Ballyýew Galkyn

Edermenligiň nusgasy

Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-den gowrak alabaýdan edermenligi bilen tapawutlananlaryň 25-si gatnaşdy. Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir günde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de alabaý itleriniň köp sanly janköýerleri gatnaşdylar. Halkara bäsleşige badalga berilmezinden ozal, itşynaslaryň birnäçesi çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler barada buýsanç bilen beýan etdiler.

Döw­rü­me buý­sanç, ýü­re­gi­me syr­daş

Paýhasly setirler Hormatly Prezidentimiziň «Gadamy batly bedew» atly kitabyndan:

Babyr bilekli pälwanlar

Ata-baba durmuş ýörelgesi esasynda döräp, kämillik ýoluny geçen türkmen milli göreşi degresi daýaly toýlaryň aýrylmaz bölegi hökmünde halkymyzyň ruhy dünýäsine ganat berip, saglygyna oňyn täsirini ýetirip gelipdir. Toýlarda mele çäge döküp, ýumşak ýerde guşak guşap, göreş tutmak dessury irki döwürlerden durmuşa ornaşypdyr. Bu ugurda dürli emelleri öwrenmek, ulanmak ýeňiş gazanmagyň esasy ugruny kesgitläpdir.

Ýurdumyzyň baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, halkymyzyň saglygy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan yzygiderli işler netijesinde, Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Bu ugurda amala aşyrylan işlerden ýurdumyz boýunça: paýtagtymyzda, welaýat merkezlerimizde, etrapdyr şäherlerimizde, obalarda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalary, Saglyk öýlerini, bedenterbiýe we sport toplumlaryny, mekdepleri we beýlekileri görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdiler. Hususan-da, nebiti we gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler, eziz Diýarymyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, nyrhlar babatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar meseleleri boýunça birnäçe kararlaryň taslamalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň netijeleri hem-de raýatlarymyzyň şu ýylyň tomus döwründäki dynç alşy üçin şert döretmek boýunça teklipler, Türkmenistan

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.