"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Asylly işleriň döwrebap ösüşi

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. Bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýowaryň geçirilýän ýerine geldi. Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň geçirilýän ýerinde nahallara timar bermek üçin niýetlenen gurallar, suwaryş ulgamyna degişli serişdeler, baglaryň düýbüni agartmakda ulanylýan enjamlar görkezilýär. Köpçülikleýin ýowar çäresine hormatly Prezidentimiziň ekilen bag nahallaryna ideg edip başlamagy bilen badalga berildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi

16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, assosiasiýanyň alyp barýan işiniň netijeleri baradaky hasabatlara serediljekdigini hem-de arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek boýunça tutanýerli işleri alyp barýan assosiasiýanyň türkmen we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekiljekdigini belledi.

Nobatdaky kararnama kabul edildi

Hormatly Prezidentimiziň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Iki palataly parlamentiň döredilmegi: ýurdumyzyň döwlet gurluşynda düýpli öwrülişik

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutany wezipesine girişen gününden başlap, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kanun binýadyny kämilleşdirmegiň ygtybarly guraly bolan milli parlamenti türkmeniň ata-baba gelýän döwletlilik ýörelgeleriniň esasynda gurmaga aýratyn uly yhlas siňdirdi. Şol esasda edilen işleriň netijesinde milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde öňe süren döwletli başlangyjyna laýyklykda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen, berkarar döwletimiziň kanun çykaryjy edarasyny dünýäniň ösen ýurtlaryndaky ýaly iki palataly parlamente öwürmek baradaky möhüm mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu möhüm başlangyjy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Konstitusion topar döredildi. Konstitusion topar bolsa şondan soňky geçen bir ýylyň dowamynda ýurdumyzyň bu möhüm meseläni amala aşyrmaga dahylly ähli dolandyryş düzümleri, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy we jemgyýetçilik guramalary, şeýle-de halk köpçüligi bilen ýakyndan işleşmegiň esasynda uly işleri durmuşa geçirdi hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlady. Bu Konstitusion Kanunyň taslamasy 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenis

Täsirliligi bilen tapawutlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda «Arkadagly Watanym — gülle Türkmenistanym» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüşi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň geçirilmegi, milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy barada giňişleýin durup geçdiler. Türkmenistanyň Gahrymany, «Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüminiň müdiri, şahyr Gözel Şagulyýewanyň täsirli gürrüňleri, okap beren goşgulary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Aşgabat — syýahatçylygyň şäheri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny we Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny ýokary derejede bellemäge uly taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň her bir ulgamy bu şanly senelere mynasyp sowgatlary bilen barýarlar. Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýygnaklar zalynda Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda Bütindünýä syýahatçylyk şäherleriniň federasiýasy bilen Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda «Aşgabat — syýahatçylygyň şäheri» atly wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Onlaýn duşuşygynda Aşgabat şäherimiziň gözel görki, gurlup ulanylmaga berlen ähli amatlyklary bolan binalar we binalar toplumlarynyň keşbi, gözel tebigatymyz, ýurdumyzyň taryhy we häzirki zaman medeni-dynç alyş merkezleri, seýilgähler, halkymyzyň abadanlygy, her bir sebit we daşary ýurtly syýahatçylar üçin döredilýän mümkinçilikler, olaryň medeniýetli dynç almaklarynyň üpjünçiligi baradaky täsirli gürrüňler öz beýanyny tapdy.

Şöhratly Akhanyň nesil dowamaty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen atçylygyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň gysga taryhy döwürde doly döwrebap görnüşe getirilmegi, mähriban Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlap halkymyza ajaýyp kitaplaryny peşgeş bermegi türkmen atşynaslygynyň taryhynda täze bir eýýamyň başlanýandygyny habar berýär. Atşynaslaryň çekýän asylly we halal zähmetine mynasyp baha bermek üçin ýurdumyzda «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi», «Türkmenistanyň halk atşynasy» ýaly hormatly atlar döredildi. Bu hormatly atlara ýurdumyzdan, şeýle-de daşary ýurtlardan behişdi bedewlerimizi seýisläp ýetişdirýän, atşynaslygyň ahalteke atçylyk ugruny ösdürýän atşynaslar sylaglanýar. Owal akan ýerden akarmyş aryk

Oba hojalygy we ýeňil senagat

Aklyga ýugrulan bereket «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň «Dostluk» galla önümleri kärhanasynda Lebap welaýatynyň Döwletli we Köýtendag etraplarynda ösdürilip ýetişdirilýän bugdaýdan her günde 100 tonna golaý un öndürilýär. Kärhanada öndürilen un ýokarda agzalan etraplardan başga-da, welaýatymyzyň Kerki we Hojambaz etraplarynyň ýaşaýjylaryna hem hödürlenilýär.

Beýik işler dünýä dolýar

14-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň toý bagyny kesip, binany gözden geçirenden soň, onuň kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynyň berkeýän döwründe hem-de giň gerimli özgertmeleriň şertlerinde ýurdumyzyň banklarynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär hem-de olaryň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. 12-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabaralary Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň sazlaşykly ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Aşgabadyň günorta böleginde, Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze bank binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşan hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň binasyna baryp, maliýe edarasynyň täze desgasynyň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdy. Binanyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrak bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zaly we naharhana, dürli maksatly beýleki otaglar ýerleşýär. Bu ýerdäki köp sanly gulluklar we hünärmenleriň iş otaglary ähli zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Täze binada gymmatlyklary ygtybarly s

Türkmenistanyň Prezidenti ilçini kabul etdi

12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Durnukly ösüş ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkara derejesinde möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürýär. Parahatçylygy döredýän ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolýar. Uzak möhlete niýetlenen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk esaslary döredildi. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgertmeler bolup geçdi. Bütinleý täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Şu döwürde mukaddes Garaşsyzlygyna daýanýan döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklary, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däpleri dikeldildi.

Hünär kämilligi ugrunda

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan öz işine ussat döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyndan ugur alnyp, akademiýanyň professor-mugallymlary irginsiz zähmet çekýärler. 2021-nji ýylyň aprel-maý aýlary aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Ýewropa Komissiýasynyň «Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam» atly taslamasynyň çäklerinde «Döwlet dolandyryşy» ugry boýunça taýýarlanylan magistr okuw maksatnamasy esasynda 72 sagatlyk gysga möhletli synag okuwlary geçirilýär. Okuwlar 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinden 15-nji maýyna çenli her hepdäniň duşenbe, anna, şenbe günleri akademiýada, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, günleri bolsa ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binasynda onlaýn görnüşinde halkara we ýerli bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilýär.

Milli demokratiýamyz dabaralanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz ýatdan çykmajak şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, Diýarymyzda alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Bu Maksatnamany amala aşyrmagyň baş maksady ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň çäklerinde döwletimiziň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň köpugurlulygyny gazanmak we olary innowasiýa häsiýetli ösüşe gönükdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokary derejelere ýetirmek üçin zerur bolan ykdysady, hukuk, guramaçylyk hem tehniki çözgütleri jemleýän ýörelgeleri, şeýle-de, täze döwrebap önümçilikleri döretmekden ybaratdyr.

Sanly ulgam — ýokary hilli hyzmat

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýä tejribesini nazara alyp, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, işler sanly ulgam arkaly alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem işler sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilip, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Döwrebap enjamlardan netijeli peýdalanmagy başarýan harby gullukçylar hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli parasatly syýasatyndan ugur alyp, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny we bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan borçlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirmekde öz işlerini ýokary derejede alyp barýar. Gullukda harby gullukçylarynyň bilim we hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmegi üçin elektron kitaphana ulgamynyň her bir harby gullukça elýeterli bolmagy, olaryň dürli

Ýaşlar biziň geljegimizdir

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, asyrlaryň synagyndan geçip kämilleşen medeniýetine aýratyn hormat goýýar. Olara aýawly çemeleşmek, giňişleýin öwrenmek we geljekki nesillere ähli özboluşly öwüşgini bilen ýetirmek üçin yzygiderli alada edýär. Döwlet Baştutanymyz her bir eserinde ýaşlara türkmen halkynyň taryhyna, edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmagy, içgin öwrenmegi we dünýä ýaýmakda tagallalaryny gaýgyrmazlygy, Watany söýmegi wesýet edýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem ylymly-bilimli ýaşlaryň borçlary dogrusynda giňişleýin düşündiriş berilýär. Onda, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bu düşünjeleriň mazmunyna we ähmiýetine göz ýetirmekleri ündelýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz kitabyň «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi» atly bölüminde şeýle diýýär: «Ýiti akyly bolan, pähimli, oýlanmagy başarýan nesiller döwrüň zerurlygyna aýdyň düşünip bilýärler.

Ak şuglasy — ak bagtym

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli uludan tutuljak toýa ýokary derejede taýýarlyk görülýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu baýramlara görülýän taýýarlyk, şeýle hem, ýurdumyzda gazanylýan ösüş-özgerişler şanly Garaşsyzlygymyzyň many-mazmunyny aýdyň görkezýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz, hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işleriniň netijesinde bedew bady bilen öňe barýar. Türkmenistan döwletimiz häzirki ajaýyp döwrümizde dünýäde we sebitde alyp barýan diplomatik ýörelgelerini, esasan, üç ugur, ýagny ekologiýa, energetika we ulag-üstaşyr diplomatiýalary boýunça kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň daşary hem içeri syýasatdaky bu parasatly ýörelgeleri halkymyza ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň miwelerini eçildi, mukaddes Garaşsyzlygy tug edinen türkmen döwletiniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny belende göterdi.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň, TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrabyň çägindäki orta mekdeplerde okaýan gyzlaryň arasynda «Seniň eliň — meniň dilim hünäri, Nusga bolup galsyn ilden-illere» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige el işlerine höwesek, eli çeper okuwçy gyzlar gatnaşyp, halkymyzyň gadymdan gelýän el işleriniň asyl nusgasyny ýitirmän dowam etdirilmegini gazanmaga, ene-mamalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy häzirki döwrüň ruhunda ösdürmäge uly höwes bildirýändiklerini görkezdiler. Gaýma gaýamakda, keşde çekmekde, köjemede, kanwada nagyş salmakda, haly dokamakda, jorap örmekde öňe saýlanan gyzlar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy

Halkymyz ähli döwürlerde saglygy dünýe malyndan ileri tutup, berk bedenli we sagdyn ruhly nesli kemala getirmäge uly ähmiýet beripdir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Türkmençilikde käteler gepiň äheňinden many alybam «Saglykmy?» diýilýär. Şeýle diýilmegi saglygyň ilkinji hem-de esasy gymmatlykdygynyň jemgyýetçilik ykrar edilmesini aňladýar» diýen setirler beýan edilipdir. Alym Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly eserinde bolsa: «Ylym ruhy baýlyk, saglyk bedeniň ýaraşygydyr. Çünki her bir baýlygyň bahasy janyň saglygynda duýulýar, yhlasyň rehneti görülýär. Bedeniň kadaly hereketi saglyk üçin örän wajypdyr» diýmek bilen, ynsan üçin saglygyň baş baýlykdygyny belläp geçýär. Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülip, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Örän gysga döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işler, iri taslamalar amala aşyryldy. Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport desgalary, atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, şeýle hem, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Şonuň bilen birlikde, paý

Uz basyşly, gyz gylykly

Gözelligi, syraty, ýyndamlygy, häsiýeti bilen görenleri haýran galdyrýan bedewlerimiz halkymyzyň tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgüsi, yhlasy netijesinde häzirki günlerimize gelip ýeten bahasyz gymmatlykdyr. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, olary gorap saklamak ugrunda Gahryman Arkadagymyz beýik işleri durmuşa ornaşdyrýar. Häzirki wagtda bedew ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň şöhlelenmesi bolup kalplara dolýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara derejesinde ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi.