Bereket çeşmeli ammar
Ýurdumyzda ýetişdirilen ter miweler, gök-bakja önümleri bilen ak bazarlarymyzy, söwda nokatlarymyzy ýylyň ähli paslynda üpjün etmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ähli welaýatlarymyzda döwrebap ýyladyşhanalaryň, gök-bakja, miwedir ir-iýmişleri saklamak üçin ýöriteleşdirilen ammarlaryň gurlup ulanmaga berilmegi aýdyň mysaldyr. Şeýle desgalaryň biri-de Daşoguz welaýatyndaky «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň gök-bakja, miwe önümlerini kabul etmek we saklamak üçin niýetlenen ammardyr. 3 müň tonna barabar önümleri saklamaga niýetlenen bu desga 2016-njy ýylda işe girizildi. Ol ýerde miwe we gök-bakja önümleriniň ýylyň ähli paslynda-da ilata terligine ýetirilmegi üçin şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini buýsanç bilen aýdyp bolar. Daýhan hojalyklar, kärendeçiler bilen ýylyň başyna şertnama baglaşylyp, olardan dürli gök we miwe önümleri satyn alnyp, ammarda ýerleşdirilýär. Hasaplaşyklar wagtly-wagtynda geçirilýär. Bu bolsa sahawatly toprakdan bol hasyl alyp, ykbalyny topraga baglan ýer eýeleriniň, kärendeçi daýhanlaryň öz kärine söýgüsini artdyrýar.