"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýakynda Gyzylarbat etrap häkimliginiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenler, talyp ýaşlar gatnaşdy. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza bu ajaýyp eseri üçin köp sagbolsun aýtdylar hem-de galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler. 

Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Diýara

Ýakynda Balkanabat şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara TKA-nyň  welaýat birleşmesiniň hünärmenleri, welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ýetip gelýän täze, 2025-nji ýylyň hem rysgally, bereketli ýyl bolmagyny arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Milli parlamentde

Türkmenistan — Malaýziýa: uzak menzil, ýakyn dostluk

Aslynda, bir sebitde mesgen tutup, goňşy oturmak birek-birek bilen ýakynlyga, ýürekdeşlige ýol açýar. Gatnaşyklaryň ýygy-ýygydan ýola goýulmagyna, ysnyşykly hyzmatdaşlyga esas döredýär. Emma aralykda uzak menzilleriň ýatandygyna garamazdan, şeýle mähribanlygyň, ýürekdeşligiň saklanmagy ikitaraplaýyn dostlugyň, hakykatdan-da, mizemezdigine, «Gözden yrak — göwünden yrak» diýen sözüň hakyky gardaşlyga täsirini ýetirmeýändigine güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň 18-19-njy dekabrda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda, gepleşiklerde munuň şeýledigine ýene bir gezek şaýat bolduk. Iki ýurduň arasynda ençeme dagdyr düzleriň, deňizdir derýalaryň ýatandygyna garamazdan, dostlukly halkyň mähribanlygyny, ýürekdeşligini, myhmansöýerligini her pursatda duýmak ýakymly duýgulary bagyş etdi. Asylly ýörelgeler

Demokratik ýörelgeler berkidilýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizi yzygiderli ösdürmekde, milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça netijeli işler dowamly amala aşyrylýar. Ýurdumyzda şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygyna öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenen kadalaryň agramly bölegi ynsanyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilmegine gönükdirilýär. Onda berkidilen demokratik ýörelgeler adamyň we raýatyň durmuş hem-de ykdysady kepillikleriniň, syýasy hukuklarynyň üpjün edilmegine, erkin ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu ýörelgeler öz gözbaşyny Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan alyp gaýdýar. Ýurdumyz bu Jarnamada berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýär. Bu Jarnama 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji mejlisinde kabul edildi. Jarnama adamyň esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň beýan edilen binýatlaýyn halkara resminamasy bolup durýar. Ählumumy Jarnamanyň şeýle möhüm ähmiýete eýedigi göz öňünde tutulyp, 1950-nji ýyldan bäri BMG-niň ýörite çözgüdi esasynda her ýylyň 10-njy dekabry «Adam hukuklarynyň güni» diýlip yglan edildi.

Nah ýüplükler öndürilýär

Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Gyzylarbat etrabynda hem medeniýeti ösdürmek, medeni mirasy gorap saklamak, milli gymmatlyklarymyzy täzeden dikeltmek ugrunda asylly işler durmuşa geçirilýär. Milliligimizi öwrenmekde, onuň taryhy köklerini yzarlap, täsin syrlaryny açmakda, şeýle-de dürli önümleriň gönezligi bolan nah ýüplükleriň hilini has-da gowulandyrmakda balkanly dokmaçylaryň goşandy uludyr. Muňa mysal hökmünde, Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini görkezmek bolar. Kärhanada 570-den gowrak adam zähmet çekip, onda şu ýylyň 10 aýynda öndürilen önümiň mukdary 3625 tonna barabar boldy. «Balkandokma» kärhanasy iri önümçilik desgalarynyň biri bolup, esasy çig mal bolan pagta süýüminden dürli görnüşdäki nah ýüplükleri öndürýär. Olar içerki we daşarky bazarlara satuwa çykarylýar.

Baýramçylygyň belent ruhy

Ýagşy arzuw-umytlar bilen garşy alynýan Täze ýyl baýramy ynsanlara şatlyk hem bagtyýarlyk eçilýär. Tutuş ýylyň dowamynda çekilen zähmete, bitirilen işlere, gazanylan üstünliklere baha berlip, ömrüň täze menziline gadam goýulýan baýramçylygyň öňüsyrasynda töwerek-daşyň gözel keşbe girmegi, söwda merkezlerindäki we bazarlardaky bolçulyk, kalplardan syzylyp çykýan mähirli gutlaglar, ýagşy arzuwlar durmuşa söýgini artdyrýar. Eziz Diýarymyzy gurşap alan baýramçylygyň belent ruhy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ildeşlerimiziň eşretli durmuşda ýaşaýandygynyň nyşanydyr. Täze ýyly baýramçylyk saçagynyň başynda garşylamak halkymyzyň asylly däbine öwrülip, il-ulsumyzyň agzybirligini, döwrümiziň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny görkezýär. Nurana baýramyň ýakynlap gelýän günlerinde bazarlarda, söwda we medeni dynç alyş merkezlerinde dürli görnüşli harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleri hem ildeşlerimiziň Täze ýyl baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamagy ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Baýramçylygyň bosagasy konditer we azyk önümlerini taýýarlaýan kärhanalar üçin aýratyn jogapkärli möwsüm hasaplanýar. Hususyýetçiler tarapyndan milli haryt nyşanly süýjülikleriň, et we şöhlat önümleriniň, del tagamlaryň täze görnüşleriniň öndürilmegi, güneşli ülkämizde ösdürilip ýetişdirilen ekolo

Emeli aňyň mümkinçilikleri

Häzirki döwürde «emeli aň» adalgasy bütin dünýäde giň meşhurlyga eýe bolýar. Emeli aň jemgyýetçilik durmuşynyň hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna has batyrgaý ornaşdyrylýar. Bu ýagdaý häzirki döwürde ylmyň we tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýändigini görkezýär. Emeli aň 1956-njy ýylda amerikan alymy Jon Makkarti tarapyndan akademiki ylym hökmünde esaslandyryldy. Şol döwürden bäri bu ylym köp tapgyrlary geçdi. 2012-nji ýyldan başlap, bu ugruň maliýeleşdirilmegine gyzyklanmalar artdy. Şunda emeli aňy özleşdirmek we onuň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça bar bolan usullary çuňňur öwrenmek meselelerine ähmiýet berildi. XXI asyryň 20-nji ýyllarynyň başynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň iri kompaniýalary, ylmy edaralary we beýleki düzümler emeli aň boýunça giň gerimli işleri ýaýbaňlandyryp, onuň mümkinçiliklerine aýratyn üns berip başladylar. Bu bolsa jemgyýetçilik we ykdysady ösüşiň çaltlanmagyna giň ýol açdy. Şunuň bilen baglylykda, emeli aňyň mümkinçilikleri esasynda önümçilik kuwwatlyklary doly awtomatlaşdyryldy.

Şeýle bir adam bar...

Şeýle bir adam bar — daglaryň aňyrsynda. Ýöne ýüregi welin, bärde — ata Watanymyz Türkmenistanda. Muňa onuň ýürek yhlasy we gara zähmeti bilen bitiren işleri şaýatlyk edýär. Olar şeýle bir köp, barmak büküp, sanap tükeder ýaly däl. Begenýän ýerim, dörän mümkinçilige görä, maňa şolaryň käbiri bilen tanyşmak miýesser etdi. Dogrusy, daşyndan ýaşalýan öýe meňzäp duran jaýa girenimizde täsin bir dünýä düşen ýaly bolduk. Çene görä, ýetmişiň onlugyndaky ýaşuly adam öňümizden ylgap diýen ýaly çykdy-da, öwrenen endigi bolsa gerek, derrew gürrüňe başlamak bilen boldy. Onuň juda begenýändigini duýmak kyn däldi. Ýüzüni agraslyk gaplap alanam bolsa, juda begençli pursady başdan geçirýändigini çalaja titreýän sesi aýan edip durdy. Zol-zol «Alyň, çaý içip oturyň!» diýip, dürli-dümenden doly saçakdaky nygmatlardan hödür edýänem bolsa, onuň bar aladasy gürrüň bermek we özüniň berýän gyzykly gürrüňlerini diňletmekdi.

Bir hekaýanyň taryhy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 250 ýyllygyna taýýarlyk görülýän döwürdi. Has dogrusy, bir müň dokuz ýüz segsen üçünji ýylyň başlarydy. Şol günleriň birinde ýanyma köne dostlarymyň biri, zehinli žurnalist hem-de ýazyjy Wladimir Pu salama geldi. Ýaş nesliň okyjylary ony, megerem, onçakły tanaýan däldir. Şondan ötri, gadyrdan ülpedimiň gysgajyk terjimehalyna ýüzlensem, barysy aýyl-saýyl bolsa gerek. Polady ýumşak, her taraplaýyn sowady ýetik Wolodýa garynjany hem ynjytmajak diýilýänlerdendi. Ol «Aşhabad» žurnalynda işleýärdi. «Edebiyat we sungat» bilenem gatnaşyk saklardy. Onuň hekaýalaryny, makalalaryny, oçerklerini, köplenç, özüm türkmen diline geçirerdim. Wolodýanyň žurnalist hökmünde ülkämizde aýak basmadyk ýeri ýok diýerlikdi. Ol Türkmenistany, türkmen durmuşyny içgin öwrenýärdi. Türkmen tebigaty, türkmen dünýäsi bilen baglanyşykly kitaplary-da okap çykypdy.

Baýramyňyz şatlyga beslensin!

Hormatly ildeşler! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ildeşlerimizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlap, onuň dabaralaryny asuda geçirmegiňizi arzuw edýär we berjaý edilmeli ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ýatladýar: ● Täze ýyl baýramçylyk dabaralarynyň geçiriljek ýerlerinde elektrik enjamlardyr elektrik setleri «Sarp edijileriň elektrik enjamlardaky tehniki ulanyş düzgünleriniň» hem-de «Elektrik enjamlaryň gurluş düzgünleriniň» talaplaryna laýyk gelmelidir. Arçanyň bezeg çyralary ýangyn döremek howpunyň ýokdugyna doly göz ýetirilenden soň, ulanylyp bilner.

Nusgalyk şäher dünýäniň nazarynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamlar, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar, emeli aňyň mümkinçilikleri ornaşdyrylyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli amatlyklar döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» halkara sergisinde Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly baýraklara mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň nyşanydyr. 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda gurlan Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerini bütin dünýä görkezdi. «Akylly» şäherleri gurmakda has uly üstünliklere ýetmek üçin häzirki wagtda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezinde daşary ýurtly tanymal hünärmenler, inženerler, alymlar, professor-mugallymlar bilen bilelikde «akylly» öý, şäher we zatlaryň interneti, olaryň dolandyrylmagyny, kiberhowpsuzlygyn

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýada resmi saparda boldy. 19-njy dekabrda ir bilen döwlet Baştutanymyz Putrajaýa şäherinde ýerleşýän Hökümet binasyna — Perdana Putra geldi. Hökümet binasynyň öňündäki Perdana meýdançasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanansoň, Hormat garawulynyň serkerdesi hormatly Prezidentimize dabaraly hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçip, Malaýziýanyň goşun baýdagyny sarpalady. Soňra hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen, öz nobatynda, Premýer-ministr Anwar Ibrahim hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň Malaýziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen hem tanyşdyryldy.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

1. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň çagyrmagy boýunça 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa resmi sapary amala aşyrdy. 2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji sapary Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky berk gatnaşyklaryň tassyklanmasy bolup durýar. 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, iki döwlet gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Nebitgaz senagaty babatda hyzmatdaşlygyň netijesinde gatnaşyklar has-da pugtalandy. Bu bolsa iki ýurt üçin hem örän möhüm bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!Hanymlar we jenaplar!

Täze awtomobil sport toplumy gurlar

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berip, ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir. Sähranyň özboluşly dünýäsi göz öňünde tutulmalydyr. Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşdy.

Ýapon dilinde neşir edildi

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň çuň many-mazmunly bu eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar.

Ýeňijilere sylag gowşuryldy

Golaýda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň!», şeýle hem, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi!» atly bäsleşikleriň jemi jemlendi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bäsleşiklerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýeňiji bolan ildeşlerimiz we bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşyk geçirildi

17-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Döredijilik bäsleşigi geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň guramagynda etrapdaky Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ýaşlarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, olary döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmek, we dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen geçirilen bäsleşige etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy. Bu ýerde okuwçylar Watana, ene topraga, maşgala, gözel tebigata, milli mirasa bolan söýgini görkezýän suratlary bilen çykyş etdiler. Emin agzalary suratlara olaryň çeperçiligi, manysy we özboluşlylygy boýunça baha berdiler. Netijede, 30-njy orta mekdebiň okuwçysy Behruz Hasanow baş baýraga, birinji orna 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Anisa Haýitowa, ikinji orna 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Şeker Döwletowa, üçünji orna 8-nji orta mekdebiň okuwçysy Çemen Nazarowa mynasyp boldy. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.