"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Magtymguly Dunaýyň kenarynda

1978-nji ýylyň 28-nji aprelinde Wengriýanyň iň uly «Ýewropa» neşirýatynyň ýolbaşçylarynyň çagyrmagy bilen Budapeşte bardym. Men ol neşirýatda wenger dilinde çykmaly «Türkmen hekaýalary» diýen uly göwrümli ýygyndynyň toplaýjysydym. Aeroportda garşylan dilmaç aýal elgoşumy myhmanhanada goýan badyma, meni göni neşirýatyň baş direktorynyň ýanyna alyp bardy. Garai familiýaly baş direktor nätanşyny alçak garşylady, salam-helikden soň meniň edil garşyma geçip oturdy-da:

Ilkinji ýat tutan goşgym

Çagalygymdan goşgy ýat tutmaga höweslidim. Ýadyma düşýär, bäş ýaşymdakam özümden uly gyz doganyma ejem goşgy ýat tutdurjak bolanda, menem özümçe gaýtalardym. Ejem şonda: «Sen ejekeňe päsgel berýäň, eneň ýanyna bar, ol saňa erteki aýdyp berer» diýip ugradypdy. Men şonda nägile bolup, enemiň ýanyna bardym. Enem meniň bir zatdan öýkelidigimi ýüzümden aňyp, sebäbini sorady. Men goşgy ýatlasymyň gelýändigini aýdanymda, enem ýylgyryp: «Wiý, şeýlemi asyl. Saňa goşgyny men ýat tutduraryn, balam. Özem gowy goşgy» diýip, maňa goşgy öwretmäge başlady. Ilkinji öwrenen goşgym şu bentdi: Düýe aýdar: otlar men, Otlan ýerim ýatlar men,Elmydama botlar menOl çölüstan içinde.

Hatyraly halypa

Halkyň iň uly hazynalarynyň biri, mukaddes hem keramatly duýgularynyň iň näzigi, ynjygy we iň esasysy saýylmalysy onuň ene dilidir. * * *

Çingiz Aýtmatow

1989-njy ýylda öňki «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan «Magtymguly. Goşgular» atly kiçijek sowgatlyk kitapça neşir edilipdi. Ýüz müň nusgalykda çap edilen kitapça diňe bir türkmenistanlylar üçin däl, eýsem, Diýarymyza gelen myhmanlar üçin-de hakyky sowgat bolupdy. Akyldaryň Arseniý Tarkowskiý tarapyndan terjime edilen goşgulary ýerleşdirilen sowgatlyk neşirdäki giriş sözünde Çingiz Aýtmatow: «Türki döwletler üçin XVIII asyr Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr» diýip ýazypdyr. Bu gün bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň, sungatynyň ägirtleriniň arasynda Çingiz Aýtmatowyň hem heýkeli oturdyldy. Çingiz Aýtmatow 1928-nji ýylyň 12-nji dekabryna Gyrgyzystanyň Talas oblastynyň Şeker obasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Törekul Aýtmatow ilki daýhançylyk edip, soňra döwlet işgäri bolupdyr. Çagalyk ýyllary dogduk obasynda geçen on dört ýaşly Çingiz Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hem ekerançylyk meýdanynda zähmet çekýär, hem mugallymçylyk edýär. Hatda zehinlidigi sebäpli oňa oba geňeşinde-de jogapkärli işleri ynanýarlar.

Iki «Balykçy»

I.Kaptenaru. «Balykçy». 1943 ý. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi. Aşgabat şäheri. Gözel ülkämiziň Balkan sebitleriniň ilaty gadym döwürlerden bäri balyk tutmak bilen meşgullanypdyr. Muňa welaýatyň çäklerinden tapylan gymmatly tapyndylar hem şaýatlyk edýär. Şoňa laýyklykda, bu ýerde balykçylyk temasyna degişli birnäçe sungat eserleri hem döräpdir.

Paýhas düwünçeginden

Dünýäde iň şirin ses çagajygyň dilinden çykýan näzik owaz. * * *

Ynsan köňlüniň nury

Ol — şahyr. Ol her ýyl — ömrüni ýa baharda sähra ýalkymyna, ýa-da güýzde altyn ýaprakly baglaryň, çyragly seýilgähleriň nur-şuglasyna siňdirýärdi. Ol häzir özüniň ýaşan 35 ýyllyk ömrüniň bahar paslyndan geçen şuglasyny güýzüň tebigy şuglazarynyň içi bilen alyp barýardy. Şahyryň kalbyndaky oýlanmalar ýöne ýerden döränok. Ol oýlanmalarda örän inçe, nurana duýgular bar. Duýgudan ýürek hem köňül tämizlenýär, durlanýar, päklenýär. Duýgurlykda päkligiň ilkinji başlangyçlary, gönezlikleri bar. Şahyr olary gyzyl tapan ýaly garbap alypdy. Ol şol päkize duýgularyň hasabyna ýaşady. Eýsem, ol bu päkize garaýşy nähili gazandy? Bu babatda onuň aýgytly kesgitlemesi bar:

Syntgylanan setirler

• Jaý pesräk we pukararak hem bolup biler, ýöne perzentleriň ruhuny beýik, köňlüni owadan etmeli. • Kalbyňda ýok bolsa, nur ýüzüňe çykmaz.

Ussat mugallym — mekdep

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly kitabyndan. Urşuň başlanmagy bilen Berdimuhamet mugallym öz işini täzeden guramaly boldy. Harby-watançylyk terbiýesini täze derejä götermek gerekdi. Okuw meýilnamasyny harby döwrüň wezipelerine laýyk öwrenmek zerurdy. Berdimuhamet mugallym mekdepden daşary terbiýeçilik işine üns berip başlady. Okuw sagatlary gutaransoň, ol frontdaky ýagdaýlar, türkmen ýigitleriniň görkezýän gahrymançylyklary hakynda gürrüň bererdi. Kakasy fronta giden çagalar şol bir «Haçan uruş gutarar, mugallym?» diýen hemmäni gyzyklandyrýan sowaly berýärdiler. Mugallym bolsa «uruş hökman biziň ýeňşimiz bilen gutarar, çagalaryň öz kakalary we agalary bilen duşuşjak güni geler» diýip, olary ynandyrýardy. Ol türkmen halkynyň edermen ogullary barada gyzykly hem uzak gürrüň bererdi. Ýazyjy-şahyrlaryň çagalaryň kalbynda ynam we yhlas, durmuşa söýgi döredäýjek goşgularyny okap bererdi.

Şygyrlary bagşylaryň dilinde

Magtymgulynyň goşgularyna aýdym aýtmadyk bagşy ýok bolsa gerek. Ussat halypalarymyz beýik şahyryň goşgularyny halk heňlerine salyp, özleri hem olara laýyk heň döredip, onuň ähli goşgularyny diýen ýaly aýdyma öwürdiler. Sebäbi akyldar şahyryň goşgularynyň dili ýeňil, onuň aglaba goşgusy saza gelip dur. Ussat halypa, mukamçy kompozitor, Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň naýbaşy aýdymlaryndan (aslynda, onuň aýdymlarynyň ählisem biri-birinden kem däl) ýekejesini mysal getireliň. «Ýusup owgan» atly meşhur sazy köpimiz bilýäris. Ana, şol saza beýik şahyrymyzyň «Bu gün» atly goşgusyny salyp, şeýle bir ussatlyk bilen ýerine ýetirdi welin, şol ajaýyp aýdym ýüzüge gaş goýan ýaly boldy. Ol bagşylaryň dilinden düşmän, estrada aýdymçylarynyňam söýgüli aýdymyna öwrüldi.

«Paýhasyň goýaldar, pikirleň şasy»

Adamzadyň ýagty geljegi ylymdan başlanýar. Ylym ynsan durmuşyny bezeýär. Sebäbi ylym öwrenip, kitaby özüne höwür edinen dost tutunan adamyň dünýägaraýşy çuň, gözýetimi giň, pikirlenişi düýpli we esasly, okamaga, öwrenmäge höwesli hem ukyply bolýar. Kitap ynsanyň kalbyny ýumşadyp, adamda ynsanperwerlik we ahlak häsiýetlerini terbiýeleýär, adamy belent adamkärçilik sypatlaryna eýe edýär. Kitaby özüne höwür edinen adamyň ruhy belent, ahlagy päk bolýar. Hut şonuň üçin-de pederlerimiz diňe bir kitaby däl, eýsem, kitapdan kemal tapyp, ylymlar dünýäsine aralaşyp, onda meşhurlyga ýeten ylymly-bilimli adamlary-da hormatlap, derejeläpdirler. Munuň şeýledigini biz Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyny okanymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris. Romanda: «Mälikgulynyň kakasy Berdimuhamet Annaýew obada abraýly adam.

Dünýäniň görki, örki, durky — bularyň barysy — ENE!

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan: — Eneleriň güler ýüzünden iliň asudalygy, agzybirligi, döwletliligi, rysgallylygy, bagtly ýaşaýşy görünýär.

Güýz

Bir süýjüje duýgy dolup ýürege,Başly-barat oýlar täsin tijener.Uzaltmaga aşyklaryň söhbedin,Gör-ä, kem-kem uzap barýar gijeler. Arzuwçylja alty ýaşly körpejäňMekdebe howlugşyn, tolgunşyn synlap,Diýýän: «Garaşmaklyk neneň ýakymly»,Diýýän: «Garaşmaklyk neneňsi kyn zat».

Ykbal kuýaşy

(Oýlanma) Ejem jan! Seniň adyňy dile getirenimde meni diýseň üýtgeşik duýgy gaplap alýar. Käteler bolsa bokurdagym dolup, gözlerime ýaş aýlanýar. Näme üçin beýle bolýarka? Bu sowal akylymda aýlanyp dur. Ýa bu ähli ynsan balasynda hem şeýlemikä? Göwnüme bolmasa, diňe men şeýle üýtgeşik, näzik duýgyny başdan geçirýän ýaly bolýaryn. Hawa, käbäm, bu ýakymly duýgular çagajygymy hüwdülänimde has hem güýjeýär. Bular, megerem, begenç gözýaşlary bolsa gerek.

Kitaplar dünýäsine syýahat

27-nji awgustda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Azady köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Türkmenkitap lomaý-bölek birleşigine» degişli durky täzelenen 4-nji kitap dükany 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda kitap söýüjiler üçin öz gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän eserleri, ýurdumyzyň belli ýazyjy-şahyrlarynyň çeper eserleri, çagalar üçin niýetlenen kitaplar, ylmy edebiýatlar, mekdep okuwçylary üçin dürli esbaplar hemmeler üçin elýeterli edilipdir. Kitaplar dünýäsine aýlanyp, dükanyň müdiri Mährijemal Durdymämmedowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

... Muhammet Baýram han Türkmeniň Mogollar hökümdarlygynyň şöhratlanmagynda goşandynyň uludygy barada başda hem ýatlapdym. Ol şahyrlara, alymlara, akyldarlara köp sahawat edipdir. Olara köp engam berdiripdir. Käteler onuň hazynasynda ýeke teňňe galmaýan halatlary hem bolupdyr. Şonda-da Baýram han halkymyzyň häzirki döwür üçin örän ýörgünli bolan «Çykdajy çykman, girdeji girmez» diýen pähimini ýörelge edinipdir. Şahyr, akyldar, alym adamlaryň hem hüý-häsiýetleri özboluşly, olaryň ýüregi heserli bolýar, şonuň üçinem käteler olaryň höwes edýän zatlaram täsin bolýar. Bir gezek döwrüniň ussat şahyry meşhur serkerdä: — Bir jam tyllany eliňde saklap görseň nähili bolarka, bu adama nähili täsir edýärkä? — diýip, sowally ýüzlenipdir. Baýram han şolbada:

Akyldaryň hormat goýan ussady

Döwürleriň we köňülleriň şahyry dana Magtymgulynyň at-owazasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende galdy. Akyldar şahyryň edebi mirasy Watana, onuň keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Magtymgulynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanan A.N.Samoýlowiç şahyryň döredijiligine Hekim atanyň güýçli täsir edendigini nygtap: «Hywada dini bilim alan türkmen şahyry Magtymgulynyň öňki horezmli sopy Hekim atanyň edebi eserleri bilen baglanyşyklydygy şübhesizdir» diýip ýazypdyr. Ol Magtymgulynyň «Hezarystana sary» we Hekim atanyň «Şeýhim Ahmet Ýasawy» diýen goşgularyndan şu aşakdaky iki bendi mysal getiripdir:

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

«Hemle urup, iki şamar oýnaşar» (Magtymgulynyň şygyrlarynda ýylan — aždarha keşbi)

Ilkinji jaň kakylýar

Gözel ýurdumda bu gün —Ilkinji jaň kakylýar.Göge göterlip göwün,Ilkinji jaň kakylýar. Güýzüň ilkinji Güni,Böwsüp çykanda tüni,Açylyp göwün güli,Ilkinji jaň kakylýar.

Şygryýet äleminiň şasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň baý medeniýetini, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge hemde çuň manyly şygyrlaryny halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga giň ýol açdy. Şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlarynyň agramly bölegi ynsanlaryň ahlak terbiýesine, ylymlybilimli bolmagyna bagyşlanýar. Şoňa göräde akyldar şahyrymyzyň döredijiligi ykbalyny nesil terbiýesine bagyşlan mugallymlar üçin gymmatly edep hazynasy bolup durýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary özüniň halkylygy, çeperçilik derejesi, çuň manylylygy, pikir goýazylygy, umumadamzat meselesine dahylly ynsanperwer pikirleri bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orun aldy. Şahyr şygyrlarynda gadymy we orta asyrlar edebiýatynyň däplerini dowam etdirmek bilen, nusgawy derejä ýeten pikirleri arkaly türkmen edebiýatynda ajaýyp şahyrana mekdebi döretdi. Şeýle bolansoň şahyryň gymmatly edebi mirasy diňe bir ildeşlerimiziň däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasyndada paýhas ummany hökmünde sarpalanylýar we öwrenilýär, ýadygärlikleri bina edilýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döreden heýkelleriniň Stawropol, Astrahan, Ankara şäherlerinde goýlandygyda anyk mysaldyr. Ussat heýkeltaraşyň Magtymguly atamyzyň keşbinde döreden iň uly heýkeli bolsa p