Ykbal kuýaşy

29 Awgust 2024
70

(Oýlanma)

Ejem jan! Seniň adyňy dile getirenimde meni diýseň üýtgeşik duýgy gaplap alýar. Käteler bolsa bokurdagym dolup, gözlerime ýaş aýlanýar. Näme üçin beýle bolýarka? Bu sowal akylymda aýlanyp dur. Ýa bu ähli ynsan balasynda hem şeýlemikä? Göwnüme bolmasa, diňe men şeýle üýtgeşik, näzik duýgyny başdan geçirýän ýaly bolýaryn. Hawa, käbäm, bu ýakymly duýgular çagajygymy hüwdülänimde has hem güýjeýär. Bular, megerem, begenç gözýaşlary bolsa gerek.

Bossan NURÝAGDYÝEWA,
polisiýanyň maýory.