Ynsan köňlüniň nury

29 Awgust 2024
106

Ol — şahyr. Ol her ýyl — ömrüni ýa baharda sähra ýalkymyna, ýa-da güýzde altyn ýaprakly baglaryň, çyragly seýilgähleriň nur-şuglasyna siňdirýärdi. Ol häzir özüniň ýaşan 35 ýyllyk ömrüniň bahar paslyndan geçen şuglasyny güýzüň tebigy şuglazarynyň içi bilen alyp barýardy.

Şahyryň kalbyndaky oýlanmalar ýöne ýerden döränok. Ol oýlanmalarda örän inçe, nurana duýgular bar. Duýgudan ýürek hem köňül tämizlenýär, durlanýar, päklenýär. Duýgurlykda päkligiň ilkinji başlangyçlary, gönezlikleri bar. Şahyr olary gyzyl tapan ýaly garbap alypdy. Ol şol päkize duýgularyň hasabyna ýaşady. Eýsem, ol bu päkize garaýşy nähili gazandy? Bu babatda onuň aýgytly kesgitlemesi bar:

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.