Ussat mugallym — mekdep

29 Awgust 2024
94

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly kitabyndan.

Urşuň başlanmagy bilen Berdimuhamet mugallym öz işini täzeden guramaly boldy. Harby-watançylyk terbiýesini täze derejä götermek gerekdi. Okuw meýilnamasyny harby döwrüň wezipelerine laýyk öwrenmek zerurdy. Berdimuhamet mugallym mekdepden daşary terbiýeçilik işine üns berip başlady. Okuw sagatlary gutaransoň, ol frontdaky ýagdaýlar, türkmen ýigitleriniň görkezýän gahrymançylyklary hakynda gürrüň bererdi. Kakasy fronta giden çagalar şol bir «Haçan uruş gutarar, mugallym?» diýen hemmäni gyzyklandyrýan sowaly berýärdiler. Mugallym bolsa «uruş hökman biziň ýeňşimiz bilen gutarar, çagalaryň öz kakalary we agalary bilen duşuşjak güni geler» diýip, olary ynandyrýardy. Ol türkmen halkynyň edermen ogullary barada gyzykly hem uzak gürrüň bererdi. Ýazyjy-şahyrlaryň çagalaryň kalbynda ynam we yhlas, durmuşa söýgi döredäýjek goşgularyny okap bererdi.