Şygryýet äleminiň şasy

28 Awgust 2024
96

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň baý medeniýetini, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge hemde çuň manyly şygyrlaryny halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga giň ýol açdy. Şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlarynyň agramly bölegi ynsanlaryň ahlak terbiýesine, ylymlybilimli bolmagyna bagyşlanýar. Şoňa göräde akyldar şahyrymyzyň döredijiligi ykbalyny nesil terbiýesine bagyşlan mugallymlar üçin gymmatly edep hazynasy bolup durýar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary özüniň halkylygy, çeperçilik derejesi, çuň manylylygy, pikir goýazylygy, umumadamzat meselesine dahylly ynsanperwer pikirleri bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orun aldy. Şahyr şygyrlarynda gadymy we orta asyrlar edebiýatynyň däplerini dowam etdirmek bilen, nusgawy derejä ýeten pikirleri arkaly türkmen edebiýatynda ajaýyp şahyrana mekdebi döretdi. Şeýle bolansoň şahyryň gymmatly edebi mirasy diňe bir ildeşlerimiziň däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasyndada paýhas ummany hökmünde sarpalanylýar we öwrenilýär, ýadygärlikleri bina edilýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döreden heýkelleriniň Stawropol, Astrahan, Ankara şäherlerinde goýlandygyda anyk mysaldyr. Ussat heýkeltaraşyň Magtymguly atamyzyň keşbinde döreden iň uly heýkeli bolsa paýtagt şäherimiz Aşgabadyň eteginde altmyş metr belentlige göterilip howalanyp dur.

Nigara AMANOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.