Ilkinji ýat tutan goşgym

29 Awgust 2024
193

Çagalygymdan goşgy ýat tutmaga höweslidim. Ýadyma düşýär, bäş ýaşymdakam özümden uly gyz doganyma ejem goşgy ýat tutdurjak bolanda, menem özümçe gaýtalardym. Ejem şonda: «Sen ejekeňe päsgel berýäň, eneň ýanyna bar, ol saňa erteki aýdyp berer» diýip ugradypdy. Men şonda nägile bolup, enemiň ýanyna bardym. Enem meniň bir zatdan öýkelidigimi ýüzümden aňyp, sebäbini sorady. Men goşgy ýatlasymyň gelýändigini aýdanymda, enem ýylgyryp: «Wiý, şeýlemi asyl. Saňa goşgyny men ýat tutduraryn, balam. Özem gowy goşgy» diýip, maňa goşgy öwretmäge başlady. Ilkinji öwrenen goşgym şu bentdi:

Düýe aýdar: otlar men,
Otlan ýerim ýatlar men,
Elmydama botlar men
Ol çölüstan içinde.

Kemal SABYROW.