Şygyrlary bagşylaryň dilinde

29 Awgust 2024
81

Magtymgulynyň goşgularyna aýdym aýtmadyk bagşy ýok bolsa gerek. Ussat halypalarymyz beýik şahyryň goşgularyny halk heňlerine salyp, özleri hem olara laýyk heň döredip, onuň ähli goşgularyny diýen ýaly aýdyma öwürdiler. Sebäbi akyldar şahyryň goşgularynyň dili ýeňil, onuň aglaba goşgusy saza gelip dur.

Ussat halypa, mukamçy kompozitor, Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň naýbaşy aýdymlaryndan (aslynda, onuň aýdymlarynyň ählisem biri-birinden kem däl) ýekejesini mysal getireliň. «Ýusup owgan» atly meşhur sazy köpimiz bilýäris. Ana, şol saza beýik şahyrymyzyň «Bu gün» atly goşgusyny salyp, şeýle bir ussatlyk bilen ýerine ýetirdi welin, şol ajaýyp aýdym ýüzüge gaş goýan ýaly boldy. Ol bagşylaryň dilinden düşmän, estrada aýdymçylarynyňam söýgüli aýdymyna öwrüldi.

Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.