Çingiz Aýtmatow

29 Awgust 2024
202

1989-njy ýylda öňki «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan «Magtymguly. Goşgular» atly kiçijek sowgatlyk kitapça neşir edilipdi. Ýüz müň nusgalykda çap edilen kitapça diňe bir türkmenistanlylar üçin däl, eýsem, Diýarymyza gelen myhmanlar üçin-de hakyky sowgat bolupdy. Akyldaryň Arseniý Tarkowskiý tarapyndan terjime edilen goşgulary ýerleşdirilen sowgatlyk neşirdäki giriş sözünde Çingiz Aýtmatow: «Türki döwletler üçin XVIII asyr Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr» diýip ýazypdyr. Bu gün bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň, sungatynyň ägirtleriniň arasynda Çingiz Aýtmatowyň hem heýkeli oturdyldy.

Çingiz Aýtmatow 1928-nji ýylyň 12-nji dekabryna Gyrgyzystanyň Talas oblastynyň Şeker obasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Törekul Aýtmatow ilki daýhançylyk edip, soňra döwlet işgäri bolupdyr. Çagalyk ýyllary dogduk obasynda geçen on dört ýaşly Çingiz Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hem ekerançylyk meýdanynda zähmet çekýär, hem mugallymçylyk edýär. Hatda zehinlidigi sebäpli oňa oba geňeşinde-de jogapkärli işleri ynanýarlar.

Taýýarlan Akjemal JUMAMYRADOWA,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.