Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

28 Awgust 2024
93

... Muhammet Baýram han Türkmeniň Mogollar hökümdarlygynyň şöhratlanmagynda goşandynyň uludygy barada başda hem ýatlapdym. Ol şahyrlara, alymlara, akyldarlara köp sahawat edipdir. Olara köp engam berdiripdir. Käteler onuň hazynasynda ýeke teňňe galmaýan halatlary hem bolupdyr. Şonda-da Baýram han halkymyzyň häzirki döwür üçin örän ýörgünli bolan «Çykdajy çykman, girdeji girmez» diýen pähimini ýörelge edinipdir. Şahyr, akyldar, alym adamlaryň hem hüý-häsiýetleri özboluşly, olaryň ýüregi heserli bolýar, şonuň üçinem käteler olaryň höwes edýän zatlaram täsin bolýar. Bir gezek döwrüniň ussat şahyry meşhur serkerdä:

— Bir jam tyllany eliňde saklap görseň nähili bolarka, bu adama nähili täsir edýärkä? — diýip, sowally ýüzlenipdir. Baýram han şolbada: