«Paýhasyň goýaldar, pikirleň şasy»

29 Awgust 2024
91

Adamzadyň ýagty geljegi ylymdan başlanýar. Ylym ynsan durmuşyny bezeýär. Sebäbi ylym öwrenip, kitaby özüne höwür edinen dost tutunan adamyň dünýägaraýşy çuň, gözýetimi giň, pikirlenişi düýpli we esasly, okamaga, öwrenmäge höwesli hem ukyply bolýar.

Kitap ynsanyň kalbyny ýumşadyp, adamda ynsanperwerlik we ahlak häsiýetlerini terbiýeleýär, adamy belent adamkärçilik sypatlaryna eýe edýär. Kitaby özüne höwür edinen adamyň ruhy belent, ahlagy päk bolýar. Hut şonuň üçin-de pederlerimiz diňe bir kitaby däl, eýsem, kitapdan kemal tapyp, ylymlar dünýäsine aralaşyp, onda meşhurlyga ýeten ylymly-bilimli adamlary-da hormatlap, derejeläpdirler. Munuň şeýledigini biz Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyny okanymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris. Romanda: «Mälikgulynyň kakasy Berdimuhamet Annaýew obada abraýly adam.

Atageldi MUSAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.