"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Myradyň «akylly awtoulagy»

— Çagalygymdan oýnawaçlarymyň içinden awtoulag oýunlaryny oýnamagy gowy görerdim. «Akylly awtoulagy» ýaly şahsy ulagly bolmak bolsa hemişe arzuwym boldy. Dükanlardan alýan her bir oýnawaç ulaglarymy söküp, täzeden düzýärdim, sebäbi olaryň ýasalyşy meni diýseň gyzyklandyrýardy. Orta mekdepde 6-njy synpda robototehnika bilen gyzyklanyp başladym. «Akylly awtoulagly» bolmagyň ýeňil iş däldigine, munuň üçin köp zähmet çekmelidigine göz ýetirdim — diýip, Aşgabat şäherindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Myrat Müjewirow özi barada gürrüň berdi. Myrat Müjewirow ýaşynyň kiçiligine garamazdan, özüniň şahsy «akylly awtoulagyny» oýlap tapdy. Eýsem Myrady maksadyna ýetiren zat nämedir öýdýärsiňiz?! Bu işde onuň sapaklaryna hemişe taýýarlykly gelmegi onda jogapkärligi, döredijiligi, kämil düşünjäni terbiýeledi. Galyberse-de, ol informatika, matematika, fizika sapaklaryna aýratyn gyzyklanma bilen çemeleşdi. Myrat özüniň deň-duşlaryndan bu dersler boýunça has-da tapawutlanyp okady. Özüniň ýaşlygyna garamazdan, eden arzuwyňa ýetmek üçin tutanýerli, yhlasly bolmalydygyny subut etdi. Ýurdumyzda we dünýä ýüzünde özüniň höwes edýän ugry boýunça oýlanyp tapylan awtoulaglaryň ýasalyş usullary bilen hemişe gyzyklanyp geldi.

Kompýuterler biziň durmuşymyzda

Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek bu günki günde innowasion tehnika we programma üpjünçiligi bilen bagly bolup durýar. Maglumatlar zamanasynda aragatnaşyk we maglumat, bilim ulgamyny baglanyşdyrmakda kompýuter tehnologiýasynyň orny ýokarlanýar. Sanly ulgama geçilýän döwürde okuwçylaryň hem kompýuterleri oňat bilmegi üpjün edilýär. Şol sebäpli okuwçylaryň hem, çagalaryň hem kompýuter barada düşünjeleri bolmalydyr. Biz aýdylanlary göz öňünde tutup, bu barada çagalara maglumat bermegi makul bildik.

Döwletli tutumlaryň gözbaşy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly asylly başlangyçlar jemgyýetiň ösüşi üçin uly güýç bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesle berilýän bilimiň ýokary derejede bolmagyna, bilim ulgamyna dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly ünsiň berilmegi netijesinde «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä eýerilýän Watanymyzda edep-terbiýeli ýaşlarymyzyň ylmyň gazananlaryndan ýerlikli peýdalanýandygynyň şaýady bolýarys. Ösüşiň gözbaşy hasaplanylýan bilim ulgamyny ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny şäherdir obalarda döwrebap çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi subut edýär. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlaryň asuda durmuşda ýaşamagy, kämil bilim- -terbiýe almagy üçin döredilýän şertler nesilleriň ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaga bolan hyjuwyny artdyrýar. Döwletli tutumlaryň gözbaşy bolan bilimiň mundan beýläk-de ösdürilmegine giň ýollaryň açylmagy bizi has-da buýsandyrýar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýär

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2021-nji ýylyň 11-12-nji maýynda sagat 1500-da orta we hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär «Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutymyzda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Sanly ulgam ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, kemala getirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndan orun almagy buýsandyrýar hem-de ata Watanymyzyň şan-şöhratyny ýene-de artdyrmakda ýaşlarymyzyň öňünde örän belent hem jogapkärli wezipeleri goýýar. Ýurdumyzda ertirki günümiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim, terbiýe bermek, zehinli, giň dünýägaraýyşly, şonuň bilen bir hatarda häzirki zaman ösen tehnologiýalaryna erk edip bilýän kämil ýaşlary kemala getirmek meselelerine ýokary derejede üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegi bilen, okuwçy ýaşlarymyzdan başlap talyplarymyza bilim bermekde sanly bilim ulgamynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagynda, öwredilýän sapaklary ýaşlaryň çuňňur özleşdirmeginde örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Orta mekdeplerde okuwçylara sapaklar sanly bilim ulgamy arkaly suratlaryň kömegi bilen düşündirilýär. Sanly bilim ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagy dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine giň ýol açýar. Bagtyýarlyk döwrümizde ähli babatda ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahrym

Kitap — hazyna

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz ösýär, gazanylýan ajaýyp üstünlikler umyt-arzuwlaryňy ganatlandyrýar, galkynýan göwünlere ruhubelentlik çaýýar. Hormatly Arkadagymyz ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda uly aladalary edýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary biziň üçin uly gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi ösdürmekde bitiren beýik işleri, döredijilik äleminde ählimize görelde bolmagy, kitap önümçiligini, neşirýat, çaphana işlerini aýratyn üns merkezinde saklamagy bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we beýleki ençeme eserleri ýaşlarymyzyň söýüp okaýan kitaplaryna öwrüldi. Bu ajaýyp eserler mähriban halkymyzyň egsilmez ruhy baýlygyny özünde jemleýär. Kitap hakyky hazynadyr we bilimiň açarydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda şeýle pähimler bar: «Kitap okaýanyň ruhy baý», «Kitap ene-ataň ýaly terbiýeçidir», «Kitap okamaýan görenini görer, kitap okaýan dünýäni görer». Bu dana sözlerde uly many bar. Kitap okamak dünýädäki iň ajaýyp zatlaryň biridir. Kitap egsilmez hazynadyr. Ol adamyň elinden alyp bolmajak iň gowy mümkinçilik we

«Açyk gapylar» güni

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2021-nji ýylyň 11 — 12-nji maýynda sagat 15:00-da orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär. «Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutymyzda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Gül watanyň gujagynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda, abadan ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek ugrunda edilýän aladalar özüniň miwesini berýär. Bu günki günde mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ata Watanymyzyň her bir bilim ojagynda ýaş nesle döwrebap bilim- -terbiýe berlip, olaryň giň gözýetimli, sagdyn bedenli bolmaklary ugrunda derwaýys işler durmuşa geçirilýär. Serhetabat etrabynyň Çemenabat geňeşliginde ýerleşýän 6-njy “Gülälek” bakja-bagynda-da çagalara döwrebap bilim-terbiýe bermek döwrüň talabyna görä ýola goýlupdyr. Bakja-baga Çynar Osmanowa ýolbaşçylyk edýär. Bagda 142 çaga döwrebap terbiýelenip, körpeler 6 topara bölünendir. Olaryň 2-si bakja, 2-si bag, 2-si bolsa mekdebe taýýarlaýyş toparlarydyr. Mekdebe taýýarlaýyş uly toparlaryna Gözel Durdymyradowa, Gülnara Orazowa, Akmaral Ataýewa gözegçilik edip, olar çagalaryň ak mekdebe taýýarlykly barmaklary ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bakja, bag toparlaryna bolsa Maral Çaryýewa, Mährijemal Saryýewa ýolbaşçylyk edip, körpeleri hoş söz, ýyly mähir bilen gurşap alýarlar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Döredijilikli zähmet — — gowy netije Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik özgertmeleriniň netijesinde ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde bilim ulgamynda birnäçe işler alnyp barylýar.

Okuwçylarda milli buýsanjymyza söýgi döretmek

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alabaý itleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakyndaky Permana gol çekdi we bu baýram aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçirilýär. Halkymyzyň buýsanjyna, ajaýyp gözelligiň we çydamlylygyň nusgasyna öwrülen, ýelden ýyndam ahalteke atlarymyza we alabaý itlerine bolan söýgini döretmekde umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synplarynda öwrenilýän biologiýa dersiniň aýratyn orny bar.

Kitaplarda bedew waspy

Okadýan VI synpymda edebiýat sapagynda bedewler bilen baglanyşykly temany geçenimde çeper eserlerden, hormatly Prezidentimiziň kitaplaryndan hem peýdalanýaryn. Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» romanynda türkmen atlaryna uly ornuň degişlidigi baradaky gürrüňler Anna aganyň «Akyl sandyklarynyň» hazynasynyň bir ülşüne öwrülýär. Onda Mämiş seýis baradaky gürrüňlerem özbaşyna bir dessan. Ol seýisleýän atyny aýlawda diňe özi çapar eken. Onuň seýisçilik syrlary barada hem her dürli gürrüňler sada oba ilatynyň dillerinden düşmändir. Bu eser boýunça okuwçylaryma özbaşdak okap gelmeklerini öýe iş tabşyrdym. Çagalar uly höwes bilen kitabyň bölümlerini okadylar. Gürrüň berdiler.

Zehinli ýaşlaryň üstünligi

Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige onuň etrap tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň 18-si öz işleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşik ýurdumyzyň ylymda we tehnikada ýeten derejeleriniň mysalynda ýaş nesliň konstruktirlemek, modelirlemek, maket taýýarlamak başarnyklaryny açyp görkezmekde we olary hünäre ugrukdyrmakda aýratyn orna eýe boldy. Okuwçylary robot tehnikasy bilen meşgullanmaga höweslendirmek, olaryň döredijilik başarnygyny, bäsleşige ukyplylyk häsiýetlerini ösdürmek, ylmy işler bilen meşgullanmaga çekmek hem-de wajyp meseleleri çözmegiň täze usullaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde ýaşlar taýýarlan robot işlerini sergilediler.

Sanly ulgamyň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeler ähli ulgamda ylmyň döwrebap gazananlaryny, toplanan oňyn tejribeleri, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgeleri täze öwüşginde durmuşa ornaşdyrmaga ýardam edýär. Dürli ugurlarda sanly ulgama geçilmegi adam zähmetini ýeňilleşdirmek bilen, has netijeli häsiýete eýe bolýar. Sanly ulgam özüňe gerek bolan maglumatlary gysga wagtda toplamaga, degişli işleri ýerine ýetirmäge, olary seljermäge, geljekki wezipeleri aýdyň kesgitlemäge we maksatnamalary taýýarlamaga we olaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli bilim ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, multimedia tagtalary, lingafon otaglary bilen üpjün edildi. Olaryň üsti täze tehnologiýalar we dünýä tejribesi bilen yzygiderli doldurylýar. Şeýle hem ata Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň bilim baýlygyny artdyrmak ugrunda daşary ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýulýar. Ýylyň-ýylyna türkmen ýaşlary daşary ýurtlarda geçirilýän taslama, ders bäsleşiklerine, internet ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi ýurdumyzda sanly b

Dostluk köprüsi

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň M.W.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Lomonosow — 2021» atly ýaş mugallymlaryň, alymlaryň we talyplaryň arasynda onlaýn görnüşinde halkara ylmy maslahaty geçirildi. Daşary ýurtlaryň sungatyň dürli görnüşleri boýunça tälim berýän ençeme ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda dürli çykyşlara tomaşa edildi. Maslahata gatnaşyjylar dostlukly halklar bilen tejribe alyşmakda, milli aýdym-saz sungatymyzy dünýä tanatmakda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar.

Okatmakda toplanan tejribäni durmuşa ornaşdyrmaly

Okadýan 2-nji synpymda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ene dilinden «Bedew atym — ganatym» we Kerim Gurbannepesowyň «Goňurjanyň hekaýasy» atly temalar boýunça okuwçylara giňişleýin düşünje berdim. Öý işi boýunça, ilki bilen, okuwçylara aty we taýçanagy görenlerinde tanamagy öwretdim. Munuň üçin multimedia tagtasynda taýýarlan slaýd şekillerimden peýdalandym.

Ömrüň erki öz eliňde

Bir wagtlar, has anygy heniz mekdep okuwçysy wagtymyz hem dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilip durardy. Şol bäsleşikleriň aglabasynda özüň üçin, ýaşaýyş hem-de dünýä üçin nämeler edip biljekdigiňi teswirlemeli bir şerti bardy. Ýönekeýje sözlem, ýöne düşünseň, juda çuňňur jümledi: «Eger-de erk seniň eliňde bolsa, nämeler ederdiň?» diýen sowaldy. Çeper beýan edilen iň owadan arzuwlar bäsleşigiň bu şertiniň ýeňijisi diýlip yglan edilerdi. Kimler dünýäni özgertmegi, kimler Ýer ýüzünde parahatçylygy ornaşdyrmagy, kimler älem-jahana seýran etmegi, ýene birnäçeleri gyşy ýaza öwürmegi, howany arassalamagy, mahlasy, her kim ýa çyndanam göwnüniň isleýän, ýa-da hut şol wagt ýadyna düşen zadyny diline getirerdi. Bu sowalyň, şertiň ýa-da gyzyklanmanyň näme üçin gaýta-gaýta berilýändigine düşünjegem bolmazdyk. Şol bir zady gereginden artyk gaýtalap ýörseň, sözüň täsirliligem ýitip gidýär. Her bir ajaýyp zatlaram adaty bir zat ýaly duýlup başlaýar. Ondan bäri ep-esli ýyl geçdi, döwürler, düşünjeler hem özgerdi. Muňa garamazdan, durmuş, kär, hünär, maksat ýaly ünsden düşürilmeýän zatlaryň söhbedi edilende ýene-de erk güýji hökman ýatlanylýar. Sebäbi üstünlikleriň gözbaşy hut özüňe erk etmekden başlaýan eken. Gaharlanmazlyk, gaharyňa erk etmeklik.Ýaltanmazlyk, bedeniňe erk etmeklik.Kada-düzgünden çykmazlyk, höwesiňe erk etmeklik.Hetdenaşa baýrynmazlyk, güýjüňe erk etmeklik...

Kitap täsinlikleri

Ki­tap­lar ba­ra­da tä­sin hem gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar örän köp. Ola­ryň kä­bi­ri ba­ra­da belläp geçeliň: Ams­ter­dam­da sak­la­nyl­ýan «De­ňiz düz­gün­le­ri­niň ýy­gyn­dy­sy» at­ly ki­tap göwrümi taýdan iň uly kitap ha­sap­la­nyl­ýar. Bu ki­ta­byň daş­ky öl­çe­gi bo­ýun­ça ini bir metr, be­ýik­li­gi iki metr, ga­lyň­ly­gy bol­sa bir ýa­rym met­re deň­dir. Dün­ýä­dä­ki iň agyr ki­tap, Şwe­si­ýa­nyň paýtagty Stok­golm­da­ky Mil­li ki­tap­ha­na­syn­da sak­la­nyl­ýan «Uly Ko­dek­s» di­ýil­ýän ki­tap­dyr. Umu­my ag­ra­my 75 ki­log­rama deňdir.

Owadan şekiljikler (Özüň ýasa)

Gerekli esbaplar: Kagyz bulgurjyklar, reňkli galam, flomaster ýa-da akwarel, reňkli kagyz, sim, ýelim.

Kämil terbiýe mekdebi

Parahat, asuda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesil terbiýesi barada uly alada edilýär. Çagasyny eziz, edebini ondanam eziz hasaplaýan halkymyz ähli döwürde hem çaga terbiýesine aýratyn üns beripdir. «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» diýlişi ýaly, rowaýatlarda, ertekilerde beýan edilýän wakalaryň, nakyllarda, hüwdülerde aýdylýan pähim-paýhasly pikirleriň üsti bilen çagalara durmuş terbiýesi berlipdir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň ylym-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli bolup ýetişmegi babatdaky kämil ýörelgelerimiz dowam etdirilýär. Durmuşymyzyň gülleri bolan çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, milli ruhda terbiýelenmegi, okamagy üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda hem çaga terbiýesi baradaky gymmatly pikirler öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan rowaýatlaryň, hekaýatlaryň üsti bilen okyjylara ýetirilýär. Milli terbiýeçilik mekdebimiziň asyrlaryň geçmegi bilen ösdürilip, kämil nusgada biziň şu günlerimize gelip ýetmeginde asyrlaryň synagyndan geçen ýörelgelerimiziň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Bu ýörelgeler watançy, ilhalar, zähmetsöýer, halal nesilleriň kemala gelmegini şertlendiripdir. 

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler, okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-usulyýet, ylmy-barlag hem-de medeni-köpçülik işleri, okamak, ýaşamak üçin döredilen şertler bilen giňişleýin tanyşdyrylar. «Açyk gapylar» günleri 2021-nji ýylyň 24-nji aprelinde we 15-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda sagat 1500-da başlanar.