Myradyň «akylly awtoulagy»

27 Aprel 2021
1336

— Çagalygymdan oýnawaçlarymyň içinden awtoulag oýunlaryny oýnamagy gowy görerdim. «Akylly awtoulagy» ýaly şahsy ulagly bolmak bolsa hemişe arzuwym boldy. Dükanlardan alýan her bir oýnawaç ulaglarymy söküp, täzeden düzýärdim, sebäbi olaryň ýasalyşy meni diýseň gyzyklandyrýardy. Orta mekdepde 6-njy synpda robototehnika bilen gyzyklanyp başladym. «Akylly awtoulagly» bolmagyň ýeňil iş däldigine, munuň üçin köp zähmet çekmelidigine göz ýetirdim — diýip, Aşgabat şäherindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Myrat Müjewirow özi barada gürrüň berdi.

Myrat Müjewirow ýaşynyň kiçiligine garamazdan, özüniň şahsy «akylly awtoulagyny» oýlap tapdy. Eýsem Myrady maksadyna ýetiren zat nämedir öýdýärsiňiz?! Bu işde onuň sapaklaryna hemişe taýýarlykly gelmegi onda jogapkärligi, döredijiligi, kämil düşünjäni terbiýeledi. Galyberse-de, ol informatika, matematika, fizika sapaklaryna aýratyn gyzyklanma bilen çemeleşdi. Myrat özüniň deň-duşlaryndan bu dersler boýunça has-da tapawutlanyp okady. Özüniň ýaşlygyna garamazdan, eden arzuwyňa ýetmek üçin tutanýerli, yhlasly bolmalydygyny subut etdi. Ýurdumyzda we dünýä ýüzünde özüniň höwes edýän ugry boýunça oýlanyp tapylan awtoulaglaryň ýasalyş usullary bilen hemişe gyzyklanyp geldi.

Şasoltan ABDYLLAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.