Okuwçylarda milli buýsanjymyza söýgi döretmek

25 Aprel 2021
1289

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alabaý itleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakyndaky Permana gol çekdi we bu baýram aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçirilýär.

Halkymyzyň buýsanjyna, ajaýyp gözelligiň we çydamlylygyň nusgasyna öwrülen, ýelden ýyndam ahalteke atlarymyza we alabaý itlerine bolan söýgini döretmekde umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synplarynda öwrenilýän biologiýa dersiniň aýratyn orny bar.

Gülhumar BALLYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiň mugallymy.