Döwletli tutumlaryň gözbaşy

26 Aprel 2021
1137

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly asylly başlangyçlar jemgyýetiň ösüşi üçin uly güýç bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesle berilýän bilimiň ýokary derejede bolmagyna, bilim ulgamyna dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly ünsiň berilmegi netijesinde «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä eýerilýän Watanymyzda edep-terbiýeli ýaşlarymyzyň ylmyň gazananlaryndan ýerlikli peýdalanýandygynyň şaýady bolýarys.

Ösüşiň gözbaşy hasaplanylýan bilim ulgamyny ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny şäherdir obalarda döwrebap çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi subut edýär. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlaryň asuda durmuşda ýaşamagy, kämil bilim- -terbiýe almagy üçin döredilýän şertler nesilleriň ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaga bolan hyjuwyny artdyrýar. Döwletli tutumlaryň gözbaşy bolan bilimiň mundan beýläk-de ösdürilmegine giň ýollaryň açylmagy bizi has-da buýsandyrýar.

Ogulsuraý MÄMMEDOWA,
Balkanabat şäherindäki 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.