Gül watanyň gujagynda

26 Aprel 2021
1296

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda, abadan ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek ugrunda edilýän aladalar özüniň miwesini berýär. Bu günki günde mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ata Watanymyzyň her bir bilim ojagynda ýaş nesle döwrebap bilim- -terbiýe berlip, olaryň giň gözýetimli, sagdyn bedenli bolmaklary ugrunda derwaýys işler durmuşa geçirilýär.

Serhetabat etrabynyň Çemenabat geňeşliginde ýerleşýän 6-njy “Gülälek” bakja-bagynda-da çagalara döwrebap bilim-terbiýe bermek döwrüň talabyna görä ýola goýlupdyr. Bakja-baga Çynar Osmanowa ýolbaşçylyk edýär. Bagda 142 çaga döwrebap terbiýelenip, körpeler 6 topara bölünendir. Olaryň 2-si bakja, 2-si bag, 2-si bolsa mekdebe taýýarlaýyş toparlarydyr. Mekdebe taýýarlaýyş uly toparlaryna Gözel Durdymyradowa, Gülnara Orazowa, Akmaral Ataýewa gözegçilik edip, olar çagalaryň ak mekdebe taýýarlykly barmaklary ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bakja, bag toparlaryna bolsa Maral Çaryýewa, Mährijemal Saryýewa ýolbaşçylyk edip, körpeleri hoş söz, ýyly mähir bilen gurşap alýarlar.