«TÄZE AÝ» — lezzete baý!

26 Mart 2023
787

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz döw­le­ti­mi­ziň azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, hal­ky­my­zyň azyk ha­ryt­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da goý­ýar. Şu iş­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek­de hu­su­sy ul­ga­myň we­kil­le­ri­niň öňünde-de uly wezipeler goýulýar. Hä­zir­ki döw­ürde ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek­de hu­su­sy ul­ga­myň pa­ýy bar­ha art­ýar. Bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy (te­le­ke­çi Be­genç Ora­zo­wa de­giş­li ) «Tä­ze Aý» ha­ryt ny­şan­ly et we şöh­lat hem-de ýa­rym taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­ýän kär­ha­na­­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­r bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.

2005-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «Tä­ze Aý» ha­ryt ny­şan­ly şöh­lat we beý­le­ki azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän bö­lü­m­de taý­ýar­la­nyl­ýan ýo­ka­ry hi­lli we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, hal­ka­ra hil ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän önüm­ler ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Olar el­ýe­ter­li ba­ha­sy bi­le­n ta­pa­wut­la­nyp, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýar. Kär­ha­na­da «Tä­ze Aý» ha­ryt ny­şan­ly et we şöh­lat, ýa­rym taý­ýar önüm­ler bo­lan ha­myr we bö­rek, man­ty ýa­ly önüm­le­riň uly tap­gy­ry ön­dü­ril­ýär.

Ça­ry ÇA­RY­ÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar