Zehinli ýaşlaryň üstünligi

25 Aprel 2021
1329

Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige onuň etrap tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň 18-si öz işleri bilen gatnaşdylar.

Bäsleşik ýurdumyzyň ylymda we tehnikada ýeten derejeleriniň mysalynda ýaş nesliň konstruktirlemek, modelirlemek, maket taýýarlamak başarnyklaryny açyp görkezmekde we olary hünäre ugrukdyrmakda aýratyn orna eýe boldy. Okuwçylary robot tehnikasy bilen meşgullanmaga höweslendirmek, olaryň döredijilik başarnygyny, bäsleşige ukyplylyk häsiýetlerini ösdürmek, ylmy işler bilen meşgullanmaga çekmek hem-de wajyp meseleleri çözmegiň täze usullaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde ýaşlar taýýarlan robot işlerini sergilediler.

Oguljan MUHYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».