Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýär

26 Aprel 2021
1201

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2021-nji ýylyň 11-12-nji maýynda sagat 1500-da orta we hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutymyzda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.